Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli wakalary metbugatda wagyz etmek bilen bagly iş maslahatyny geçirdi

23:3124.06.2020
0
13746

24-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary B.Abdyýewanyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewiň, ýurdumyzyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewanyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Onuň dowamynda berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanan dabaraly çäreleri geçirmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek hem-de Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň halkara derejesindäki ähmiýetini dünýä ýüzünde giňden açyp görkezmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milletiň Lideri iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň hasabatlaryny diňledi. Olarda-da aýdylyşy ýaly, «Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» ýyly şygary astynda geçiriljek halkara ähmiýetli medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar, internet serişdelerinde milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli işler baradaky syn we seljerme berýän makalalarda täzelik habarlaryny halkara maglumatlar giňişligine ýaýratmak arkaly toplumlaýyn işleri alyp barýar, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, ýurdumyzyň kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna we Gaznanyň tertipnamasyna laýyklykda alyp barýar.

Türkmenistanyň Prezidenti dünýäde parahatçylygy, halklaryň arasynda dostlugy we ylalaşygy berkitmek, raýat jemgyýetini pugtalandyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, tutuş ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde we sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, köpçülikleýin we ähmiýetli çäreleri guramagyň zerurdygyny belledi.

Goýlan wezipeler şulardan ybarat:

― milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin internet ulgamynda we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite sahypalary döretmeli;

― Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini beýan edýän filmleri we wideorolikleri döretmek ugrunda bäsleşikleri guramaly. Bäsleşigiň ýeňijileriniň döreden filmleriniň hem-de rolikleriniň türkmen we daşary ýurt teleýaýlymlarynda, şeýle hem media ulgamda görkezilmegini üpjün etmeli;

― gazet-žurnallarda hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «2021-nji ýyl — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» atly mowzuk boýunça makalalary çap etmeli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň