Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan COVID-19 pandemiýasy sebäpli Awazada dynç almagy hem-de Hazarda suwa düşülmegini çäklendirýär

23:5915.05.2020
1
40883

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň hasabatyny diňledi. Ministr ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň tomsunda ýurduň raýatlarynyň dynç almagynyň meseleleri hakynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň çözgüdi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, köpugurly “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip, halkara ölçegleriniň derejesine çykarylýar.

Ýurdumyzda koronawirus ýokanjy bilen bagly ýekeje ýagdaý hem hasaba alynmady – munuň özi örän nusgalyk mysal bolup, onuň özeninde, ilkinji nobatda, ýurdumyzda 1995-nji ýyldan bäri maksada laýyk alnyp barylýan giň gerimli işler durýar.

“Il saglygy – ýurt baýlygy” diýen şygar astynda geçirilýän hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça iň döwrebap saglygy goraýyş edaralary – iň kämil ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri, saglygy dikeldiş merkezleri bina edilip, şolarda giň gerimi, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetirilýär.

Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, innowasion usullary we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar. Daşary ýurtlaryň lukmançylyk merkezleri hem-de iri ylym-bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeň ýola goýmak we tejribe alyşmak dowam edýär.

Şunuň bilen bir hatarda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda we milli kanunçylygymyz nazara alnyp, saglygy goramak boýunça maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär, dürli keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek boýunça ähli çäreler görülýär.

Ilatyň doly derejede immunizasiýalaşdyrylmagynyň netijesinde, Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýokanç keseller, şol sanda drakunkulez, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleri ýok edildi. Gazanylan üstünlikler halkara guramalary tarapyndan ykrar edildi we degişli güwänamalar bilen tassyklanyldy.

Saglygy goraýşyň öňüni alyş işleriniň has-da güýçlendirilmegine tarap gönükdirilmegi bilen häzirki zaman jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegi üçin şertler döredilýär.

Ýurduň şypahanalarynda hem-de saglygy dikeldiş merkezlerinde türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek üçin täsin bejeriş-tebigy baýlyklary giňden peýdalanmaga şertler döredildi.

Ministrligiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, şu ýylyň 5-nji maýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan Hazaryň kenarynda, Awazada hem-de ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda tomus döwründe syýahatçylygy we dynç alşy guramak baradaky mesele jikme-jik öwrenildi.

Toparyň agzalary dünýäde we sebitde ýiti ýokanç keseliniň ýaýramagy bilen baglylykda, çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýy nazarda tutup, şeýle hem adamlaryň saglygy üçin howply bolan koronawirusyň ösüşiniň ikinji tapgyryna garaşylýandygy baradaky ylmy çaklamalara laýyklykda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda tomus möwsüminde medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegini hem-de Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda suwa düşülmegini çäklendirmegi maksada laýyk hasapladylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýokanç keselleriň adatça güýjeýän wagty bolan güýz-gyş döwrüne hem taýýardygy bellenildi. Eýýäm häzirden möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça çynlakaý çäreler görülýär.

Sözüniň ahyrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesinden hem-de berýän yzygiderli tabşyryklaryndan ugur alnyp, tomus döwründe ýurdumyzyň çäklerinde raýatlarymyzyň oňat dynç almagyny guramak üçin hemme işleriň ediljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalaryna ýüzlenip, häzirki döwürde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly bütin dünýäde dartgynly ýagdaýyň dowam edýändigini, raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň, abadan durmuşyny üpjün etmegiň biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdygyny nygtady.

Şoňa görä-de, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň tekliplerine eýermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.

Şu ýyl Hazar deňziniň kenarynda we Awazada tomus döwründe raýatlarymyz üçin syýahatçylygy, dynç alşy hem-de suwa düşmegi çäklendirmeli, tomusky dynç alyş möwsüminde Aşgabatdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmeli, çagalaryň we ýetginjekleriň tomus möwsüminde mekdepleriň ýanyndaky meýdançalarda hem dynç alşynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmeli, dynç alyş merkezlerinde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmekleri üçin bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreleri guramaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezident tomusky dynç alyş möwsüminde raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmek we berkitmek üçin Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan «Arçman», «Ýyly suw», «Baýramaly», «Farap», «Mollagara», «Daşoguz» we «Berzeňňi» şypahanalarynda ähli zerur bolan şertleri döredip, olaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş möwsümine ýurdumyzyň käbir ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli bolan saglygy dikeldiş merkezlerini hem doly taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi.
Raýatlarymyzyň dynç alyş möwsümini lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmeli. Şeýle hem zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň ätiýaçlyk goruny döretmeli.

Ähli dynç alyş we saglygy dikeldiş merkezlerinde yzygiderli zyýansyzlandyryş işlerini geçirmeli.

Döwlet Baştutany Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Energetik» we «Nebitçi», Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Mirap» we «Jennet» hem-de Darganata etrabyndaky «Gazojak», Mary welaýatyndaky «Melhem», «Garagum», «Çynar» we «Şatlyk» şypahanalarynda raýatlarymyzyň talabalaýyk dynç almagyny we saglygyny berkitmegini guramagy tabşyrdy.

Biz raýatlarymyzyň asuda we sagdyn ýaşamagy, kesellemezligi üçin geljekde hem ähli zerur çäreleri göreris diýip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň