«Binagär» basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň başyny çekýär

22:4323.04.2020
0
13929

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklary dowam edýär.

Häzir 27 utuk bilen «Binagär» ýaryşyň başyny çekýär. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary ýaryşda diňe bir gezek ýeňildi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubynyň topary bolsa 25 utuk bilen ikinji orunda barýar.

Oýunlar her hepdäniň dyçn günleri geçirilýär, olara isleg bildirýän islendik sport janköýeri tomaşa edip bilýär. 25-nji aprelde iki duşuşyk geçiriler. Gündiz 15:00-da «Galkan» «Dragon Oýly», 17:00-da «Bürgüt» «Gyraty» kabul eder.

Oýunlaryň doly tertibi we netijeleri bilen Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň resmi saýtyndan tanyş bolup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň