Turkmenportal logo
30.01.20
1598315983
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze Sekretary bellenildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze Sekretary bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Polisiýanyň general-leýtenanty Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesinden boşadyp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary wezipelerine belledi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.


Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesine bolsa, Polisiýanyň podpolkownigi Nurmyrat Bäşimowiç Kowusowy belläp, ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň nyzam taýýarlygy we terbiýeçilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatdy.