Şu gün paýtagtymyzda, Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewürler toparlarynyň duşuşygy geçirildi. «Tegelek stol» görnüşinde guralan duşuşygyň barşynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, TDH habar berýär.
Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministrliginiň Daşary ykdysady syýasaty departamentiniň başlygynyň orunbasary doktor Andreas Nikoliniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň agzalary ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen dürli taslamalary amala aşyrmakda bilelikde iş alyp barmagyň möhüm ugurlaryna garadylar.
Taraplar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty hem-de iki dostlukly döwletiň işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.
Myhmanlar türkmen ykdysadyýetiniň innowasiýa esaslanýan ösüş ýoluny kanagatlanma bilen bellediler. Bu ugur ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýy we daşary ýurt kompaniýalarynyň işlemegi üçin oňat şertleri döredýär.
Türkmenistanyň we Germaniýanyň hünärmenleriniň nobatdaky duşuşygy özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ikitaraplaýyn isleglerine şaýatlyk edýär.
Türkmenistan Germaniýa Federatiw Respublikasyna geljegi uly ykdysady hyzmatdaşlaryň biri hökmünde garaýar. Iri nemes kompaniýalary köp wagtdan bäri ýurdumyzda saglygy goraýyş, lukmançylyk, oba hojalygy, ulag hyzmaty ulgamlarynda bilelikdäki giň gerimli taslamalary amala aşyrmakda üstünlikli işläp gelýärler. Şolaryň hatarynda, "Siemens AG", "Claas Global Sales GmbH", "John Deere Walldorf GmbH & Co.KG", "Umax Trade GmbH" мы beýleki kompaniýalar bar.
«Tegelek stoluň» başyndaky duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen gurluşyk serişdeleri, azyk senagaty üçin enjamlar, oba hojalygy ulgamynda maşyn gurluşygy, turba we sorujy tehnologiýalary, elektrotehnika, senagat aragatnaşygy we howpsuzlyk ulgamlarynda işleýän nemes kompaniýalarynyň wekilleriniň birnäçesi bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklaryň barşynda diňe öz Watanynda däl, eýsem, Germaniýanyň çäginden daşda hem meşhur bolan «Anton Ohlert GmbH &Сo», «Basalt AG», «SIСK», «Stäubli Bayreuth GmbH», «Teхtima Eхport Import GmbH», «MTS Mangal Transport & Shipping», «ZAB Zementanlagenbau GmbH», «LEISTRITZ Eхtrusions GmbH», «WILO SE», «Edison Teсhnologies GmbH», «Firma Gregori Weiser» hem-de beýleki birnäçe nemes kompaniýalarynyň wekilleri öz tekliplerini beýan etdiler.
Ýurdumyzyň we GFR-iň işewür toparlarynyň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «СOMMIT PROJECT PARTNERS GmbH» (GFR) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.