Mähriban Jumanyýazowa pauerlifting boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

19:4908.12.2019
0
1226

Gazagystanyň Almaty şäherinde pauerliftingiň IPF görnüşi boýunça Aziýanyň çempionaty geçirildi. Yklym biriniligine Döwletnazar Atanazarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşdy.

Milli ýygyndymyzyň wekili, 84 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Mähriban Jumanyýazowa yklym ýaryşynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Ildeşimiz ilkinji çykyşynda 140 kilogram agramlygy götermek bilen bürünç medala mynasyp boldy. Ikinji tabşyrykda bolsa ol 115 kilogram agyrlykdaky ştangany göterip, öz agram derejesinde iň gowy netijäni görkezdi. Şeýlelikde, türkmenistanly türgeniň netijesi onuň kümüş medala mynasyp bolmagy üçin ýeterlik boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň