Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşda ikinji orny eýeledi

18:5711.11.2019
0
9304

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy ýakynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen «Daşkent ― 2019» atly halkara ýaryşa gatnaşyp, ikinji orna mynasyp boldy. Duşuşyklary Daşkendiň Demirýol ulaglarynyň inženerçiligi institutynyň sport toplumynda geçirilen halkara ýaryşa biziň ildeşlerimizden başga-da, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylary hem gatnaşdylar.

Özbegistanyň Bedenterbiýe we sport ministrligi tarapyndan geçirilen halkara ýaryşa Türkmenistanyň çempionatynda çykyş edýän toparlaryň iň ezber türgenlerinden ybarat ýygyndy bilen gatnaşyldy. Türkmen woleýbolçylary ýer eýeleriniň wekillerinden galan garşydaşlaryny ýeňip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar.

Halkara ýaryşda birinji orny özbek, üçünji orny bolsa gyrgyz woleýbolçylary eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň