«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 ― 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde Halaç etrabynyň Yslam şäherçesiniň Gumakly obasynyň golaýyndan geçýän Başsaka akabasynyň ýanyndan akabanyň täze şahasynyň — ýene-de bir täze suw akabanyň gurluşygyna girişmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada "Türkmen gündogary" gazeti habar berýär.
Täze suw akabasynyň gurluşygyny «Lebapsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Lebap Altyn asyr Türkmen köl gurluşyk» dolandyryş kärhanasy alyp barar. Täze akaba üç bölekden: suw geçiriji, suw äkidiji we esasy uly gatladan durar. Täze akabanyň esasy gatlasynyň suw geçirijiligi sekuntda 55 kub metre barabar bolar. Onuň giňligini 35 metr, üstki giňligini 65 metr inlilikde gurmak meýilleşdirilýär. Çuňlugy bolsa, 6,4 metre deň bolar. Ol ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna oňaýly täsir eder.