"Ahal" Türkiýede ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

18:4322.07.2019
0
1916

Ýokary liganyň birinji ýarymyny üçünji orunda tamamlan "Ahal" futbol topary şu günler Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Ýakynda Röwşen Meredowyň şägirtleri bu ýerde Rumyniýanyň "Petrolul" topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Rumyniýanyň 2-nji ligasynyň wekili bilen geçirilen bu duşuşyk garşydaş toparyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. "Ahal" Gurban Annaýewiň 37-nji minutda geçiren pökgüsi bilen duşuşykda öňe saýlanan hem bolsa, bu artykmaçlygy uzak saklap bilmedi. Garşydaşlar 43-nji, 59-njy we 90+1-nji minutlarda "Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň toparynyň derwezesine üç pökgi geçirdiler.

Rumyn metbugatynyň ýazmagyna görä, duşuşygyň birinji ýarymynda "Ahal" Babaýew, Hojowow, Söýünow, Bäşimow, Annagulyýew, Orazow, Beknazarow, Annaýew, Saparmämmedow, Gurbanow, Sultanow düzümi bilen oýnady. Ikinji ýarymda bolsa Röwşen Meredow şu düzümi meýdana goýberdi: Öwezmyradow, Annaorazow, Söýünow, Hemraýew, Hajyýew, Abylow, Orazow, Ylýasow, Kulyýew, Orazmämmedow, Gaýlyýew. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň