Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýakup Ekezow: "Altyn asyr" ertir toparçadan çykar diýip tama edýäris"

15:0725.06.2019
0
9372

Şu gün Duşenbe şäherindäki "Hilton" myhmanhanasynda "Altyn asyryň" (Türkmenistan) we "Istiklolyň" (Täjigistan)) wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu iki topar 26-njy iýunda AFK-nyň kubogy - 2019-yň toparçalaýyn böleginiň altynjy tapgyrynyň çäginde duşuşyk geçirer. Duşenbe şäherindäki Merkezi Respublikan stadionynda geçiriljek duşuşykdan ozalky metbugat maslahatyna "Altyn asyryň" baş tälimçisiniň kömekçisi Ýakup Ekezow bilen ýarym goragçy Gurbangeldi Batyrow gatnaşdy diýip, "Istiklolyň" metbugat gullugy habar berýär.

Ýakup Ekezow, "Altyn asyryň" baş tälimçisiniň kömekçisi:

– Baş tälimçimiz Ýazguly Hojageldiýew duşuşykdan ozal maşgalasynyň arasyna dolanyp barmaly boldy. Geçen agşam onuň ejesi dünýäden ötdi, şonuň üçin hem onuň şu günki metbugat maslahatyna gatnaşyp bilmeýändigi üçin ötünç soraýarys. "Istiklol" bilen boljak duşuşyk barada näme aýdyp bileris?! Türgenleşik gowy geçdi, gowy taýýarlandyk. Şol bir wagtyň özünde biz garşydaşyň artykmaç we kemçilik edýän taraplaryna hem belet. Biz Duşenbe şäherinde ozal hem duşuşyk geçirip gördük. Şonuň üçin bu ýerdäki atmosfera belet. Nesip bolsa, AFK-nyň kubogynyň indiki tapgyryna çykarys diýip tama edýäris.

–  Soňky iki ýylda Merkezi Aziýanyň toparlary AFK-nyň kubogynyň finalyna çenli baryp ýetdi. Siziň pikiriňizçe, ýaryşyň indiki tapgyrynda sebitiň sport abraýyny goramaga toparlaryň haýsy has mynasyp?

–  Iň mynasyp topary ertirki duşuşyk görkezer. Biz öz güýjümize ynanýarys. Biziň toparymyz ýaryşy dowam etdirer diýip umyt edýäris. 

–  Siz "Istiklolyň" artykmaç we kemçilik taraplaryny bilýändigiňizi aýtdyňyz. Bu jogabyňyzy has giňeldip bilmersiňizmi?

–  Bu sowal maňa degişli däl. 

–  Siz düzümiňizde legioner bolmasyzdan, AFK-nyň kubogynda nädip üstünlikli çykyş edip bilýärsiňiz?

–  Bu sowalam maňa görä däl. Biz legionersiz işleýäris, diýmek, muny başarýarys.

–  Siziň baş tälimçiňiz bu duşuşyga gatnaşyp bilmez. Oňa biziň gynanjymyzy ýetirmegiňizi haýyş edýäris. Siz nähili pikir edýärsiňiz, onuň ýoklugy ertirki duşuşykda topara bildirermi? 

–  Baş tälimçimiz - hakyky ussat. Onuň düýne çenli öwredenleri hem toparymyz üçin ýeterlik bolar.

Gurbangeldi Batyrow: "Biz Duşenbä AFK-nyň kubogynyň indiki tapgyryna hukuk gazanmak üçin geldik" 

"Altyn asyryň" 30 ýaşly ýarymgoragçysy ertirki duşuşyk baradaky pikirlerini beýan edip, şeýle diýdi:

– Topar ertirki duşuşyga taýýar, oglanlar oýna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Elbetde, kyn duşuşyk bolar, ýöne biz bu ýere AFK-nyň kubogynyň indiki tapgyryna ýollanma almak üçin geldik.

Turkmenportalyň redaksiýasy "Altyn asyryň" baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewe ejesiniň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň