Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

05:0104.06.2019
0
2531
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

3-nji iýunda Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Aşgabatdaky dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti hem gatnaşdy diýip, TDH habar berýär. 

Ir säher bilen döwlet Baştutany baýramçylyk weloýörişiniň geçiriljek ýerine - Saglyk ýolunyň badalga alýan nokadyna geldi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu günki çärä gatnaşýanlara şanly sene mynasybetli gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Soňra «Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemiji söz sözläp, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirilip, dünýä rekordynyň täzelenendigini habar berdi.

Giň möçberli welosiped çäresine gatnaşyjylar biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara düzüldiler we Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan öwrüm edip, 3300 metr aralygy geçdiler.

Aşgabatda 2019-njy ýylyň 3-nji martynda Hindistanda goýlan rekord täzelendi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili we emin Şeýda Subaşi-Gemiji bellige aldy. Bu waka «Guinness World Records» kompaniýasy tarapyndan bellige alyndy we degişli güwänama bilen tassyklanyldy. Ol güwänama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabarada gowşuryldy.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamasyny gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) ýolbaşçysy Dawid Lappartýene söz berildi. Ol döwlet Baştutanyny bu günki baýramçylyk bilen gutlap, Bütindünýä welosiped gününiň esaslandyrylmagynda Türkmenistanyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işlerini BMG-ä agza döwletleriň hemmesiniň goldaýandygyny nygtady. Şeýlelikde, Welosipedçileriň halkara birleşiginiň milli Liderimize minnetdarlyk güwänamasy bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi barada habar berdi.

Dünýäde sport bilen meşgullanýan Prezidentleriň biri hökmünde döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, Türkmenistanda welosiped sporty sazlaşykly ösüşe eýe boldy. Şu nukdaýnazardan, jenap Lappartýen Welosipedçileriň halkara birleşigi 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň seçilip alnandygyny habar berdi.

Myhman çykyşynyň ahyrynda bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda degişli güwänamany gowşurdy.

Soňra geçirilen köpçüliklleýin ýörişe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda badalga berildi. Bu günki baýramçylygyň öňüsyrasynda Aşgabada gelen «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň Prezidenti I.Makarow we dünýä belli welosipedçiler ýörişiň hormatly myhmanlary boldular.

Tutuş ýoluň ugrunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we çärä gatnaşyjylar aýdymçylaryň, döredijilik toparlarynyň, saz, tans we folklor çykyşlary bilen mübäreklenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Arçabil şaýoly, soňra Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen 15 müň metr ýol geçip, welosipedde bu günki ýörişiň jemleýji pellehanasyna — ýurdumyzyň Döwlet münberiniň ýerleşýän baş meýdançasyna geldi.

Köpçülikleýin welosipedli ýöriş tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň