Turkmenportal logo
10.05.19
69386938
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL - 2019: türkmen derbisinde ýene-de ýeňiji ýok
TÝL - 2019: türkmen derbisinde ýene-de ýeňiji ýok

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň esasy duşuşygy paýtagtymyzda geçirilip, onda “Ahal” “Altyn Asyry” kabul etdi.


Ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolan bu duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy. Bu deňliginden soň utugyny 19-a ýetiren “Ahal” ýaryş tertibinde eýeleýän birinji ornuny saklap galdy. 6 oýunda 12 utugy bolan “Altyn Asyr” üçünji orny eýeleýär.


Günüň ikinji oýny Maryda ýerli “Energetik” bilen “Aşgabadyň” arasynda geçirildi. Bu duşuşyk 2:1 hasabynda paýtagtymyzyň toparynyň peýdasyna tamamlandy.


9-njy tapgyryň beýleki iki duşuşygy 11-nji maýda geçirilip, “Merw” “Nebitçini”, “Şagadam” bolsa “Köpetdagy” kabul eder.


Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:


 “Energetik” – “Aşgabat” – 1:2


Gollar: 19 Söhbet Allanazarow (11 m.j.u.) (“Energetik”) – 49 Orazgeldi Myradow (11 m.j.u.), 80 Nazar Tuwakelow (“Aşgabat”)


Duýduryşlar: 21 Döwran Hojamämmedow, 48 Döwletgeldi Mirsultanow, 69 Maksat Atagarryýew, 72 Şazada Bäşimow, 88 Pirmyrat Gazakow (“Energetik”) – 18 Wekil Kadyrow, 33 Baýjan Satlykow, 60 Güýçmyrat Annagulyýew, 90+3 Orazberdi Myradow (“Aşgabat”)


Meýdandan çykarylan: oýundan soň, Döwletgeldi Mirsultanow (2-nji duýduryş) (“Energetik”)


Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)


Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)


Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)


Ätiýaçdaky emin: M.Saparow (Mary ş.)


Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)


Tomaşaçy sany: 500


 


 “Ahal” – “Altyn Asyr” – 2:2


Gollar: 78 Döwran Orazalyýew, 81 Merdan Gurbanow (“Ahal”) – 25, 32 Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”)


Duýduryşlar: 35 Wezirgeldi Ylýasow, 67 Abdy Bäşimow, 77 Pirmyrat Sultanow, 90+3 Şöhrat Söýünow (“Ahal”) – 22 Selim Nurmyradow, 67 Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”)


Meýdandan çykarylanlar: 60 Baýram Berdiýew (“Ahal” toparynyň tälimçisi) – oýundan soň, Gurbanmyrat Hojageldiýew (“Altyn Asyr” toparynyň ýolbaşçysy)


Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)


Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)


Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), S.Gurbanow (Balkanabat ş.)


Ätiýaçdaky emin: A.Goşşanow (Tejen ş.)


Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)


Tomaşaçy sany: 700