Turkmenportal logo
24.01.19
1640416404
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat ― Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna badalga berildi
Aşgabat ― Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna badalga berildi

Şu gün ― 24-nji ýanwarda Aşgabat ― Türkmenabat ugrunda guruljak ýokary tizlikli ýoluň ― awtobanyň gurluşygyna badalga berildi.


Mynasybetli dabara türkmen paýtagtynyň ýakynynda ― Aşgabat ― Daşoguz ýolunyň 24-nji kilometrinde geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ahal welaýat häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdy.


Dabaranyň çäginde Aşgabat ― Türkmenabat awtobany barada wideofilm görkezildi. Onda gürrüň berlişi ýaly, ýokary tizlikli ýoluň ugrunda ähli mümkinçilikler dörediler. Ýoluň Aşgabat ― Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabrynda, Aşgabat ― Mary aralygy 2022-nji ýylyň dekabrynda, dolulygyna bolsa 2023-nji ýylyň dekabrynda açylar.
600 kilometrlik uzynlykdaky ýoluň ini 32 metre barabar bolar. Ýoluň gurluşygyna badalga beriş dabarasy «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.