Soňky habarlar

Arhiw

“bizbarde.com.tm” türkmen sosial ulgamy işläp başlady

11:2925.12.2018
0
41699

23-nji dekabrda “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde “bizbarde.com.tm” türkmen sosial ulgamynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu ulgamy “Sungat eseri” prodýusserçilik merkeziniň hünärmenleri işläp taýýarladylar.
- Bu gün biziň taslamamyzyň döreýiş taryhynda wajyp günleriň biri. Biz onuň ýokary derejeli sosial-aragatnaşyk ulgamy bolmagy üçin kän işledik - diýip, “Sungat eseriniň” ýolbaşçysy Eziz Begnazarow gürrüň berýär.
Täze ulgamyň işläp başlanyna kän wagt geçmedik hem bolsa, onuň ýörite mobil programmasy eýýäm 5000 müşderi tarapyndan ýüklenildi. 
Türkmenistanda ýerli sosial ulgamlar ilkinji gezek 2013-nji ýylda döredilip başlanypdy. Şol ýyl “Arzuw”, 2015-nji ýylda bolsa “ÝASHLYK.COM” sosial ulgamlary müşderilere hödürlenildi. Ýöne olaryň ulanyjylaryň arasynda kän bir uly meşhurlyga eýe bolmandygy mälim. Belki, “bizbarde” ozalky ulgamlaryň ýetip bilmedik meşhurlygyna ýeter.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň