Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň awtomobil sporty merkezine bardy

04:5823.11.2017
0
16024

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän awtomobil sporty merkezine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutany häzirki zaman ýaryş awtoulaglaryny synlady. 

Döwlet Baştutany awtodromda täze gelip gowşan ýaryş awtoulaglarynyň birini sürüp, onuň hereketlendirijisiniň kuwwatyny, hereket çeýeligini, tizligi artdyrmak mümkinçiliklerini, çalt saklanmak, sürüji üçin amatlylyk şertlerini synagdan geçirdi. Ol sport awtoulagynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty merkezinde birnäçe öwrüm etdi. Bu ýerde bolmagynda çäginde türkmen döwletiniň Baştutany 2018-nji ýylda Gadymy Amuldan Hazar deňzine çenli halkara awtoralli ýaryşyny geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi degişli ýolbaşçylardan talap etdi. Bu ralli "Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" diýlip atlandyrylan ýyla aýratyn öwüşgin berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň