
Işçi birnäçe wagtlap öz saglyk ýagdaýy ýa-da maşgala agzalarynyň biriniň agyr keseli sebäpli özüniň iş borçlaryny ýetirip bilmeýän ýagdaýy ýygy duş gelýär. Şeýle ýagdaýlarda döwlet tarapyndan jemgyýetçilik goldawy– ilatyň jemgyýetçilik goraglylygy baradaky Türkmenistanyň Kodeksiniň 59-njy maddasynda beýan edilen wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary - göz öňünde tutulan.
Haýsy ýagdaýlarda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary bellenilýär?
Döwlet kömek pullarynyň bu görnüşi umumy kesel, zähmet maýyplyk (şikes), hünär keseli sebäpli iş döwründe zähmete ukyplylygyny ýitiren we saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen zähmete ukypsyzlyk resminamasyny hödürlän şahslara berilýär. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullaryny diňe işleýän raýatlaryň almak hukugy bar.

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyga şu aşakdaky ýagdaýlar degişli:
Gatnawlaýyn bejergi alynýan ýagdaýynda:
Stasionar bejergi alynýan ýagdaýynda:
Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk sebäpli döwlet kömek pullaryny almaklyk üçin esasy resminama – wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk kagyzy. Beýleki kagyzlar döwlet kömek pulunyň bu görnüşiniň berilmegi üçin güýçsüz hasaplanýar.
Wagtlaýyn zähmete ukypsyz kagyzynyň ýitirilen ýagdaýynda saglygy goraýyş edaralarynyň zähmete ukyplylygyny wagtlaýyn ýitirendigi baradaky kagyzyň nusgasy iş ýerinden zähmete wagtlaýyn ukypsyzlygy boýunça döwlet kömek pullarynyň berilmedigi baradaky iş ýerinden kepilnamany getirmegi bilen berilýär. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygynyň hakyky dowamlylygy bejerýän lukman tarapyndan kesgitlenilýär we 2019-njy ýylyň 7-nji awgustynda
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty Ministrliginiň № 221 buýrugy bilen ykrar edilen we 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Adalat Ministrligi tarapyndan №1251 belgide hasaba alnan wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk barlagynyň tertibine laýyklykda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk kagyzy bilen ykrar edilýär.
Döwlet kömek pulunyň möçberi nähili görnüşde hasaplanylýar?
Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça bellenilen döwlet kömek pullarynyň ölçegi orta gündelik zähmet hakynyň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygynyň senenama günleriň sanyna köpeldilip alnan ululykdan hasaplanylýar we şu aşakdakylardan ybarat:
1. 60 göterimi – 5 (bäş) ýyla çenli iş tejribesi bolan ýagdaýynda;
2. 80 göterimi – 5 (bäş) ýyldan 8 (sekiz) ýyla çenli iş tejribesi bolan ýagdaýynda;
3. 100 göterimi – 8 (sekiz) ýyldan we ondan ýokary iş tejribesi bolan ýagdaýynda.

Zähmete wagtlaýyn ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullary iş tejribesine garamazdan 100 göterim ölçegde tölenýän ýagdaýy hem bar, olar şulardan ybarat:
1. Zähmet maýyplygy ýa-da hünär keseli sebäpli wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy bolan şahslara;
2. 18 ýaşa ýetmedik şahslara;
3. 21 ýaşa ýetmedik ýetim galan şahslara (ene-atasynyň hossarlygyndan mahrum bolanlara);
4. Ykrar edilen tertipde maýyp diýlip bellenen şahslara;
5. 18 ýaşyna ýetmedik maýyp çaga seredýän ýa-da 16 ýaşyna dolmadyk eklenjindäki üç we ondan hem artyk çagasy bolan ejelere (hossarlaryna);
6. Donorlyk wezipesini ýerine ýetirmekde ýüze çykan wagtlaýyn zähmete ukypsyz bolan şahslara;
7. Beýleki döwletleriň çäginde harby hereketleriň weteranyna;
8. Keseli ionizirleýän we rentgen şöhlelenme sebäpli ýüze çykan şahslara.
Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullarynyň möçberi we aýlyk zähmet haky umumylykda iki wezipe zähmet hakyndan ýa-da iki tarif hakyndan ýokary bolmaly däldir.