Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär.
Bahalar: Ulular üçin 7 we 10 manatdan, 14 ýaşdan kiçi bolan çagalar üçin tölegsiz.
Täze gurlan döwrebap Aşgabat Olimpiýa stadionynda geçiriljek açylyş we ýapylyş dabaralary üçin petekler dört dereje boýunça satuwa çykarylar we olaryň bahalary 50 manatdan 500 manada çenli aralykda bolar.
Her petekde eýesiniň ady ýazylar. Petek satyn almak üçin hakyky pasporty ýa-da şahsyýeti tassyklaýan resminamany görkezilmelidir.
Petek satuw nokatlaryň salgysy we iş wagty görkezilendir:
Aşgabat şäheri
“Altyn Asyr” gündogar bazary
08:00 – 15:00
“Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezi
10:00 – 21:00
“Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi” kärhanasy
10:00 – 21:00
“Köpetdag” sport toplumy
10:00 – 21:00
“Berkarar” söwda we dynç alyş merkezi
10:00 – 21:00
“Aşgabat” medeni dynç alyş merkezi (1-nji park)
10:00 – 21:00
“Güneş” medeni dynç alyş seýilgähi (2-nji park)
10:00 – 21:00
Kuly Şamyradow adyndaky medeni
we dynç alyş seýilgähi (3-nji park)
10:00 – 21:00
Welaýatlar
Mary welaýaty Mary ş. Mollanepes Kelte köç. 17-nji jaýy
09:00 – 20:00
Lebap welaýatynyň Türkmenabat ş. S.A. Nyýazow şaýoly,
Aragatnaşyk öyi, 53-nji jaýy
09:00 – 20:00
Daşoguz welaýaty Daşoguz ş.
Türkmenbaşy şayoly, 43-nji jaýy
09:00 – 20:00
Balkan welaýaty Balkanabat ş. 209-njy kwartal,
Magtymguly şaýoly, 57-nji jaýy
09:00 – 20:00
Balkan welaýaty Türkmenbaşy ş.
Atamyrat Nyýazow şaýoly, 27-nji jaýy
09:00 – 20:00
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy.
“Awaza” milli syýahatçylyk merkezi
09:00 – 20:00
Topar bolup petekleri satyn almak, VIP petekleri satyn almak we mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin petekleri satyn almak bilen bagly soraglar üçin tickets@ashgabat2017.com elektron poçta ýa-da +993 12 94 8888 telefon belgi arkaly ýüzlenip bilersiňiz.