
«Aşgabat» — «Merw»
Geçen tapgyrda «Balkandan» uly hasap bilen ýeňlen «Merwe» dördünji aýlawyň ilkinji duşuşygynda-da kyn synag garaşýar. «Merw» «Aşgabady» şu möwsümde diňe birinji aýlawda ýeňip gördi, şondan soňky iki duşuşyk «paýtagtlylaryň» peýdasyna tamamlandy, hat-da Maryda geçirilen üçünji aýlawdaky duşuşykda-da. Bu gezek hem «Aşgabadyň» ýeňjekdigine garaşyp bolar. Eger «Aşgabat» şuny başarsa, «Ahalam» utuk ýitirse, onda «paýtagtlylara» ýaryş tertibinde üçünji orna geçmek mümkinçiligi garaşýar. Ýok, tersine, «Merw» ýeňiş gazanaýsa, topar HTTU utuk ýitiren ýagdaýynda 6-njy orna geçip biler. Duşuşygyň deňlik bilen tamamlanmagy toparlaryň ikisiniň eýeleýän orunlary üçin hem howply. Şu möwsümde geçirilen «Aşgabat» — «Merw» duşuşyklarynda Berdi Şamyradow («Aşgabat») bilen Toýly Goçnazarow («Merw») iki gezek tapawutlanan futbolçylardyr.
«Energetik» — «Ahal»
Bu duşuşyk birinji tapgyrdaky 6:0 hasabyna «Ahalyň» peýdasyna tamamlanan gyzykly oýny ýatlatsa-da, geçen tapgyrda janköýerleriň «Ahala» bolan ynamy ep-esli gowşadymyka diýýäris. Şonuň üçin «Ahal utar» diýip ynamly aýtmak indi kyn, iň bolmanda «Ahal» özüniň ýeňiş gazanyp bilýän topardygyny täzeden subut edýänçä. Ýöne kim utanda-da, bu duşuşyk «Ahalyň» Ýokary ligadaky 450-nji duşuşygy hökmünde taryha girer.
«Şagadam» — «Daşoguz»
Geçen tapgyrda keramat görkezen «Daşoguz» bu gezek deňiz kenarynda myhmançylykda. Toparlaryň arasynda ikinji aýlawda Türkmenbaşy şäherinde bolup geçen duşuşyk ýadyňyzdadyr-la! «Şagadamam» 5 gol geçirse, geçiripdi welin, «Daşoguzam» 2-sine jogap berip ýetişipdi. Ýöne yzda galan 3 duşuşykda-da ýeňiş «Şagadamyň» tarapynda boldy.
Bir görseň, «Ahaly», «Hazynany» ýeňip gudrat görkezip ýören, bir görseňem HTTU-dan 10:0 ýeňlip ýören «Daşoguzyň» janköýerleri, hany göreliň, bu gezek nähili garaşylmadyk sowgat bilen ýüzbe-ýüz bolarlarka?!
«Balkan» — HTTU
Şu duşuşygyň ady henizem haýbatly eşidilýär. Gyzykly oýnuň boljakdygy hakynda-ha gürrüňem ýok. Dogry, soňky tapgyrlarda talyplar özlerinden garaşylýanyndan hem gowy oýun görkezýärler, ýöne «Balkan» şu wagt Ýokary ligada «ot gorsaýar». «Altyn asyrdan» başga hiç kim «nebitçileriň» badyny saklap bilenok, onda-da Balkanabatda oýun bolanda. Eger ýene şeýle bolaýsa, «nebitçiler» ikinji orunda «kök urýar». HTTU utsa-da 6-njy ornuny saklap galyp biler.
Bir tarapda üçünji aýlawyň super triosy — BAÝ (Boliýan, Ataýew, Ýagşyýew), ikinji tarapda, bir tarapda-da olaryň her bir ädimine belet HTTU-nyň goragy we hüjümçiler Sultanow, Muhammedow we başgalar. Ýeňiş kimiň tarapynda bolarka?