Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda däbe öwrülen “Zehin joşguny” atly festiwalyň çäklerinde “Umumy fortepiano” kafedrasynyň ýaş mugallymlary Jemal Arrykowanyň we Aýlar Ýangibaýewanyň konserti geçirildi. Saz muşdaklarynda ýakymly täsirleri galdyran bu konsert dünýä nusgawy saz sungatynyň ajaýyp nusgalaryny hem-de türkmen kompozitorlarynyň baý döredijiligini özünde jemleýän manyly çeperçilik çäresi boldy. Konsert maksatnamasyndaky eserleriň dürlüligi, ýerine ýetirijileriň ussatlygy we sazlaryň çuňňur çeper mazmuny diňleýjilere ýokary ruhy lezzet berdi. Çykyşlaryň dowamynda dürli döwürlere degişli eserler ýaňlanyp, saz sungatynyň köpöwüşginli dünýäsi öz beýanyny tapdy.
Konsertiň başynda argentinaly kompozitor A. Piazzollanyň meşhur “Libertango” eseri ýerine ýetirildi. Bu eseri skripkada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň V ýyl talyby Nariman Annaorazow ýerine ýetirdi. Oňa fortepianoda “Umumy fortepiano” kafedrasynyň ýaş mugallymy Jemal Arrykowa sazandarlyk etdi. Skripkanyň täsirli owazy bilen fortepianonyň sazlaşygy eseriň häsiýetli ritmini, joşgunlylygyny we çeperçilik aýratynlyklaryny aýdyň açyp görkezdi. Konsertiň dowamynda türkmen kompozitory Çary Nurymowyň görnükli eserleriniň biri bolan “Ekspromt-fantaziýa” hem ýaňlandy. Bu eseri ýaş mugallym Aýlar Ýangibaýewa ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Eserde saz pikirleriniň erkin ösüşi, duýgularyň baýlygy we ýerine ýetirijilik ussatlygy öz beýanyny tapdy. Sazandanyň her bir saz sözlemini çeperçilik taýdan açyp görkezmegi eseriň mazmunyny diňleýjä has ýakyn duýmaga mümkinçilik berdi. Konsertiň dowamynda beýik nemes kompozitory L.W. Bethoweniň 3-nji we 7-nji fortepiano üçin döreden sonatalary hem ýerine ýetirildi. Bu eserler nusgawy saz sungatynyň çuňňur mazmunyny, pikirleriň ösüşini we fortepiano saz guralynyň giň çeperçilik mümkinçiliklerini açyp görkezýän gymmatly eserlerdir. Olaryň ýerine ýetirilişi diňleýjilere nusgawy saz eserleriniň gurluşyna, häsiýetine we çeperçilik aýratynlyklaryna has içgin düşünmäge şert döretdi. Konsertiň ahyrynda meşhur rus kompozitory S. Rahmaninowyň 3-nji etýudyny ýaş mugallym Aýlar Ýangibaýewa ýerine ýetirdi.
“Zehin joşguny” festiwalynyň çäklerinde geçirilen bu konsert ýaş mugallymlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmek, olaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle çäreler ýaş nesli dünýä nusgawy saz sungatynyň ajaýyp nusgalary bilen tanyşdyrmakda, türkmen kompozitorlarynyň döredijiligine bolan gyzyklanmany artdyrmakda hem-de milli saz medeniýetiniň ösüşine goşant goşmakda aýratyn orun eýeleýär.
Saz sungaty - ynsan kalbynyň sözsüz dilidir. Ol dürli halklaryň, döwürleriň we medeniýetleriň ruhy dünýäsini özünde jemläp, adamlary gözelligiň, duýgynyň we çeper pikirlenmäniň töwereginde birleşdirýär. Her bir saz eseri özboluşly çeperçilik dünýäsi bolup, diňleýjiniň kalbynda dürli duýgulary oýarýar, onuň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Jemal Arrykowanyň we Aýlar Ýangibaýewanyň konsert çykyşy hem saz sungatynyň ynsan durmuşyndaky ähmiýetini, fortepiano saz guralynyň çeperçilik güýjüni we ýerine ýetirijilik ussatlygy açyp görkezýän manyly çäre hökmünde ýatda galdy.
Saz sungatyna sarpa goýýan, biz ýaşlara okamana, bilim almana we öz zehinimizi açyp görkezmäne giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyñ
Sazşynaslyk hünäriniñ IV ýyl
talyby Miýesser Uljaýewa