Adamzat ýaradylany bäri geçen ençeme asyrlaryň dowamynda ilatyň geografik ýerleşişine, ýaşaýyş şertlerine, içilýän suwuna, iýmitine we zähmet şertlerine baglylykda dürli keseller ýaýrapdyr. Şol bir wagtda dişleriň gaty dokumasynyň çüýremegi, ýagny kariýes keseli hem iň giň ýaýran keselleriň biridir. Diş ösüp çykandan soňra, dürli daşky we içki gurşawlaryň täsiri netijesinde dişiň gaty dokumasynyň minerallaşma häsiýeti bozulýar. Munuň esasynda bolsa dokumanyň dargamagy, pytramagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykyp, dürli şekildäki, görnüşdäki we çuňlukdaky boşluklar emele gelýär. Iýmit iýlen wagtynda we dürli şertlere baglylykda ýüze çykýan duýdansyz agyrylar adamy binjalyk edýär. Şeýle oňaýsyz ýagdaýlar ynsanyň işe ukyplylygyny, ýaşaýyşa bolan höwesini peseldip, ony çykalga gözlemäge mejbur edýär.
Dişlerde emele gelen boşluklar esasynda ýüze çykýan agyrylary aýyrmak, ýagny dişleriň anatomiki bitewiligini petiklemek (plombirlemek) arkaly dikeltmek we olaryň funksional işjeňligini ýokarlandyrmak meseleleri taryh boýunça alymlaryň we ulamalaryň arasynda hemişe jedelli soraglary döredipdir. Esasy jedel "diş boşlugyny petiklemek bolýarmy ýa-da bolmaýar?" diýen soragyň töwereginde bolupdyr. Bu meseleleri seljerip, aşakdaky ýagdaýlara jogap gözlemek zerurdyr:
· Kesellän dişlerdäki çüýremek, döwülmek, dargamak ýaly ýagdaýlarda peýda bolan diş boşlugyny bejerip, gaýraüzülmeleriň öňüni almak gerekmi ýa-da gerek däl?
· Dişiň anatomiki gurluşyny we funksional (işjeňlik) ýagdaýyny dikeltmek baradaky seljerme.
Allatagalanyň imandan soňra ynsan ogluna beren iň uly we iň gymmatly nygmatlarynyň biri hem saglykdyr. Saglyk bolmasa, durmuşda hiç bir zadyň gadyry bolmaz. Çünki saglyksyz durmuş — tagamsyz we manysyz durmuş diýmekdir. Saglygy ýerinde bolmadyk adamyň özüne-de, ýaşaýan jemgyýetine-de peýdasy degmeýär.
Allatagalanyň bendelerine beren nygmatlary sanardan köpdür. Allatagala öz Kelamy-şerifiniň “Ybraýym” süresiniň 34-nji aýatynda: “(Eý ynsanlar!) Eger Allatagalanyň (size beren) nygmatlaryny sanamaga çalyşsaňyz, sanap gutaryp bilmersiňiz” diýýär. Şol nygmatlaryň biri hem uly baýlyk hasaplanýan saglykdyr. Emma adamlaryň köpüsi bu nygmatyň gadyryny bilmeýärler. Pygamberimiz Muhammet sallahu aleýhissalam bu nygmatyň ähmiýetini nygtap şeýle diýýär: “Iki sany nygmat bar welin, adamlaryň köpüsi olaryň gadyryny bilmekde gapyldyrlar. Olar: saglyk we boş wagt”.
Dogrudan hem, Kurany Kerimde we Pygamberimiziň sünnetinde ýaşaýşyň hem-de saglygyň Allatagalanyň iň uly nygmatydygy mälim edilip, bulary gorap saklamak emir edilipdir. Gudraty güýçli Allatagala şypasy bolmadyk keseli ýaradandäldyr. Ibni Abbasdan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam hadysy-şerifleriniň birinde şeýle diýipdir: “Gudraty güýçli Allatagala hakykatdan hem derdi-de, dermany-da inderendir we her bir derdiň (keseliň) dermanyny ýaradandyr”.
Saglygymyzy goramagymyz üçün iki zady doly berjaý etmegimiz hökmandyr:
1. Hassalygyň öňüni almak: Munuň üçin dürli çäreleri görmek, ýokanç kesellerden uzak durmak, arassaçylyk düzgünlerini talap edilişi ýaly berjaý etmek (agyz, burun we beden tämizligini, esasanam agyz boşlugynyň arassaçylyk tertiplerini wagtynda, talaba laýyk we yzygiderli ýerine ýetirmek) zerurdyr. Dürli mikropdyr bakteriýalardan goranmak üçin ellerimizi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmak, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýlarynda agyz we burun örtüklerini ulanmak, sagdyn we kadaly iýmitlenmek, lukmanyň berýän maslahatlaryna uýmak örän möhümdir. Keselleriň başlangyç döwründe öz wagtynda geçirilýän bejeriş we öňüni alyş çäreleri uly ähmiýete eýedir.
2. Ir anyklamak we bejermek: Beden agzalarynda peýda bolan keseli näçe ir ýüze çykaryp bejerseň we olaryň gaýraüzülmeleriniň öňüni alyş çärelerini öz wagtynda amal etseň, şol derejede netijeli bolýar. Dürli öňüni alyş we goranyş çärelerine garamazdan, haýsydyr bir kesele duçar bolan kişiniň şypa tapyp, saglygyna gowuşmagy üçin lukmanyň maslahatyny öz wagtynda we talaba laýyk ýerine ýetirmegi wajypdyr.
Bu babatda Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle diýipdir: “Sagalmak üçin bejergiňizi öz wagtynda alyň. Hakykatdan hem, Gudraty güýçli Allatagala, garrylykdan başga, şypasy (bejergisi) bolmaýan hiç bir kesel ýaradan däldir”.
Durmuşda üstünlik gazanmagymyz üçin sagdyn bolmagymyz gerek. Munuň üçin sagdyn ömür sürmegimizi üpjün edýän durmuş kadalaryna uýmagymyz hökmandyr. Çünki kyýamat gününde her birimizden saglyk nygmatynyň gadyr-gymmatyny bilip-bilmeýändigimiz barada soraljakdyr. Dünýäde bagtly, rahat, özgelere mätäç bolman ýaşamak, ahyretde hem aňsat hasap berip bilmek üçin saglygymyza uly ähmiýet bermelidiris.
Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam hadyslarynyň birinde saglygyň we sagdynlygyň gadyryny bilmekden söz açyp, şeýle diýipdir: “Bäş zat gelmänkä, bäş zadyň, ýagny garramazdan öň ýaşlygyň, hassalanmazdan öň saglygyň, garyplykdan öň baýlygyň, başagaýlykdan öň boş wagtyň, ölümden öň ýaşaýşyň gadyryny bil!”. Ol başga bir hadysynda saglyk ýaly uly nygmatyň ýokdygyny nygtap: “Ynsan ogluna saglykdan haýyrly hiç bir zat bagyş edilen däldir. Şonuň üçin hem Allatagaladan saglyk diläň!” — diýipdir. Ýene bir hadysda bolsa: “Allatagaladan saglyk diläň! Çünki ynsana imandan soňra saglykdan haýyrly hiç bir zat bagyş edilen däldir” diýilýär.
Bir çarwa arap, Pygamberimizden: “Eý, Allanyň ilçisi, namazyň yzyndan Alladan näme diläýin?” diýip soranynda, ol: “Saglyk dile” diýip jogap beripdir.
Ylym dünýäsinde Muhammet Gaýmaz Türkmen diýlip tanalýan uly türkmen alymynyň “Ettybbun nebewi” (“Pygamber tebipçiligi”) atly meşhur eserinde Dawut aleýhissalamyň: “Saglyk göze görünmeýän perişdedir” diýendigi bellenilýär. Il arasynda hem: “Saglyk — bu adamlaryň başyndaky altyn täçdir, ýöne ony syrkawlardan başga hiç kim görmeýär” diýen pähim-paýhasly söz bar. Diýmek, ýokarda aýdylanlardan mälim bolşy ýaly, hassalanmazdan öň saglygyň gadyryny bilip, bu nygmatyň näderejede uly baýlykdygyna düşünmegimiz gerek.
Allatagala gulluk we ybadat etmekde hem çenden çykmaly däldir. Saglygyňa zeper ýetirjek ýa-da öz saglyk ýagdaýyňa seretmän, özüňe zor salyp, keseliň agyrlaşmagyna getirjek derejede ybadat etmek yslam dininiň ruhuna gabat gelmeýär. Çünki yhlas bilen Allatagala ybadat etmek üçin hem saglyk gerek. Şonuň üçin saglygymyzy gözden salmaly däldiris! Her bir zadyň, ýagny bedeniň, maşgalanyň, myhmanlaryň öz hak-hukuklary bardyr. Sagdyn bolmagymyz üçin ybadatda hem kadaly we ölçegli bolmaga çalyşmalydyrys.
Rowaýat edilmegine görä, bir gezek Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam Amr ibn Asdan: “Elmydama seniň gündizlerine oraza tutup, gijelerine ybadat bilen geçirýändigiňi maňa habar berdiler, şeýlemi?” diýip sorapdyr. Ol hem: “Hawa, eý Allanyň Resuly!” diýip jogap beripdir. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şonda: “Beýle etme! Oraza hem tut, agzyňy hem aç, gijelerine ýat we ybadat hem et. Sebäbi seniň boýnuňda bedeniň haky, gözleriň haky, maşgalanyň haky we zyýaratçylaryň (myhmanlaryň) haky bardyr. Her aýda üç gün agyz beklemek seniň üçin ýeterlikdir. Çünki seniň her bir ýagşylygyň üçin on esse sogap bardyr. Beýle etmek bütin ömrüňi oraza tutan ýalydyr” diýip nesihat edipdir.
Biz öz saglygymyz üçin jogapkärdiris! Saglyk nygmatyny gorap saklamalydyrys. Saglygy goramak bolsa, ilkinji nobatda, arassaçylyk we tämizlik bilen baglanyşyklydyr. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam arassaçylyk barada şeýle diýipdir: “Din tämizlik esasynda bina edildi”. Başga bir hadysda bolsa: “Tämizlik imanyň ýarysydyr” diýilýär.
Görşümiz ýaly, yslam dini arassaçylyga, tämizlige ýokary derejede ähmiýet berýär. Bu ýagdaý täret almaga berilýän ünsden hem aýdyň görünýär. Mysal üçin, yslam edebi nahardan öň we soň, ýatmazdan öň we ukudan oýanan mahalyň, öýe girip-çykanyňda we beýleki ýagdaýlarda eliňi ýuwmagy talap edýär. Muny Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň aşakdaky sözleri hem tassyklaýar: “Siziň haýsy biriňiz ukudan oýansa, elini üç gezek ýuwmazdan, ony suwly gaba batyrmasyn. Çünki ol uklap ýatyrka eliniň nirelere barandygyny bilmez”.
Dogrudan hem, wagtal-wagtal eliňi ýuwup durmak saglygymyzy goramak üçin derwaýysdyr. Göze görünmeýän dürli mikroblara we bakteriýalara garşy göreşmek üçin ellerimizi we agyz boşlugymyzy wagtly-wagtynda tämizleýiş serişdeleri bilen ýuwup durmak jan saglygymyzyň girewidir. Ellerimizi ýuwan mahalymyz, barmaklarymyzy hem aralap, olary örän dykgatly tämizlemegimiz gerek. Şol bir wagtda umumy beden bitewiligini, agyz boşlugyny, dişleri, dili we dodaklary yzygiderli tämiz saklamak örän möhümdir.
Pygamberimiz (s.a.w.) hadyslarynyň birinde şeýle diýipdir: “Gowy edip täret al we barmaklaryň arasyny, agyz boşlugyny hem-de burnuňy mazaly arassala”. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam endamynyň we egin-eşikleriniň arassa bolmagyna gaty uly üns beripdir. Ol dişiň arassaçylygyna hem diýseň uly ähmiýet berip, şeýle diýipdir: “Miswak agzy tämizlär we Rebbiň razyçylygyny gazandyrar”. Bedeniň bitewiligini, tämizligini we arassaçylygyny hiç wagt gözden salmak bolmaýar. Çünki beden bize amanatdyr, amanada bolsa hyýanat etmek bolmaz.
Tämizlik Kurany Kerimde iň köp üstünde durulýan meseleleriň biridir. Allatagala tämizligi söýýändigini beýan edip, “Toba” süresiniň 108-nji aýatynda: “Alla päk bolanlary söýer” diýýär. Şeýle hem, Kurany Kerimiň “Müddessir” süresiniň 4-nji aýatynda Pygamberimiz Muhammet aleýhissalama ýüzlenilip: “Lybasyňy (ähli hapalardan) tämizle!” diýilýär. Bu bolsa dinimiziň tämizlige berýän uly ähmiýetiniň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.
Magtymguly Pyragy hem öz goşgy setirlerinde saglygyň ähmiýetini nygtap şeýle belläpdir:
Saglygyň gadyryn bilgin hassa bolmazdan burun,
Dertdir bu janyň zilleti, saglyk onuň soltanydyr.
Mälim bolşy ýaly, dünýäniň ähli ýerinde adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýän agyz we beden agzalarynyň (diş, dil, dodak, nemli barda) keselleriniň ýaýramagy dowam edýär. Döwletimiz bu barada zerur bolan bejeriş we öňüni alyş çärelerini yzygiderli gurnaýar we öz wagtynda geçirýär. Biz hem öz gezegimizde bu agzalaryň kesellerini näçe ir ýüze çykaryp bejermäge we öňüni alyş çärelerine öz goşandymyzy goşmaga çalyşmalydyrys. Şeýle-de, öz işine ezber, ökde lukmanlaryň biziň jan saglygymyz üçin berýän gymmatly maslahatlaryny öz wagtynda doly berjaý etmelidiris. Hanefi mezhebiniň wekilleriniň arasynda giňden tanalýan “Muhtesaru-l-wikaýa” kitabynyň şerhinde: “Ymam Ebu Hanifä görä, bir adam öz tejribesine daýanyp ýa-da tejribeli, ökde lukmanyň berýän maslahatyndan ugur alyp, hassalygynyň beterlemeginden ýa-da şol hassalygyň uzaga çekmeginden gorksa, oňa Oraza aýynda agzyny açmaga rugsat berilýär” diýlip bellenilmegi hem şu aýdanlarymyzy tassyklaýar.
Häzirki wagtda bütin dünýäde giňden ýaýran dişiň kariýes keseline garşy öňüni alyş işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Biz hem öz gezegimizde saglygymyzyň gadyryny bilip, lukmanlarymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryna eýersek maksada laýyk bolar. Bütin beden agzalarynyň bir bitewilikde bolşy ýaly, agyz boşlugyndaky dişler hem biziň durmuşymyzda iň bir möhüm we wajyp işleri berjaý edýärler:
· Iýmit iýlende: Iýmiti bölüp almak, çeýnäp dargatmak we pytratmak arkaly bedene ýokumlulygynyň ýokary derejede özleşmegine ýardam edýär.
· Gepleşikde: Söz sözlän mahalyňyzda sözleriň manysynyň we her bir harpyň dogry aýdylmagyny (artikulýasiýany) gazanmakda möhüm orny bar.
· Goragda: “Dil — bela, diş — gala” diýen nakyldan many alnanynda hem, dişleriň agyz boşlugyny köp ýagdaýlarda daşky zyýanlardan gorap saklaýandygy mälimdir.
Adam saglygy — iň gymmatly baýlykdyr we ol belli bir derejede adamyň özüne hem baglydyr. Adam bedeni çylşyrymly gurluşa eýe bolup, dürli agzalardan ybaratdyr. Aýratyn şertlere, pasyllara, ýaş we jyns aýratynlyklaryna baglylykda dürli keseller ýüze çykyp bilýär. Şonuň ýaly-da, agyz boşlugynyň (diş, dil, dodak we ş.m.) beden agzalary bilen berk baglanyşygy bardyr. Kesel dörediji bakteriýalaryň ösüp köpelmegi netijesinde, adam bedeniniň iň bir gaty we çydamly dokumasy bolan dişlerde çüýremek, döwülmek we soňy bilen dargamak ýaly bitewiligiň bozulmagy esasynda keseller ýüze çykýar.
Umumy beden keselleri bilen birlikde, ilat arasynda diş keselleri we olaryň gaýraüzülmeleri hem duş gelýär. Adamyň agyz boşlugynda diş we dişýany dokuma keselleri bolan ýagdaýynda, bu beýleki beden agzalaryndaky (aşgazan-içege, öýken, bagyr, böwrek, dalak, endokrin ulgamy, gulak-burun-bokurdak we ş.m.) bar bolan keselleriň has hem möwç almagyna, agyr hallara düşmegine sebäp bolup bilýär. Bu bolsa ýaşaýyş we zähmet ukyplylygyny peseldýär. Bu hakykat lukmançylyk ylmy edebiýatlarynda alymlar tarapyndan giňden beýan edilendir.
Esasanam häzirki zamanyň ylmy-tehnologiýasynyň ösen döwründe belli bir beden keselleri bilen agyz boşlugyndaky keselleriň özara baglanyşygy, olaryň birek-biregi beterleşdirmäge şert döredýändigi lukmançylyk ylmynda soňky asyryň dowamynda aýdyň subut edildi. Agyz boşlugynyň keselleriniň döremeginiň we olaryň gaýraüzülmeleriniň öňüni almak barada dürli ýyllaryň dowamynda giň göwrümli ylmy-barlag işleri geçirilip, takyk bejeriş usullary öňe sürüldi.
Agyz keselleriniň öňüni almakda agyz boşlugyny tämiz saklamak we dogry iýmitlenmek düzgünlerini berjaý etmek arkaly diňe bir agyz kesellerini däl, eýsem umumy beden keselleriniň hem müňlerçesiniň öňüni alyp bolýandygyny alymlar subut etdiler. Diş keselleriniň gaýraüzülen görnüşlerini näçe ir ýüze çykaryp, öz wagtynda bejeriş-dikeliş işlerini geçirseň, adam bedenine howp salýan şertleri ýok edip bolýar. Agyz boşlugynda hatda birje dişiň çüýräp dargamagy hem bütin bedende dürli keselleriň peýda bolmagyna ýa-da bar bolan keselleriň has howply ýagdaýa geçmegine alyp baryp bilýär. Diş kesellerini bejermek we dikeltmek meselelerinde häzirki zaman ylmy stomatologiýasynda çözülmedik mesele ýok diýsek hakykatdan daş düşmeris. Dişleri öz wagtynda plombirlemek we olaryň funksional işjeňligini gaýtadan dikeltmek bütin bedeniň güyç-kuwwatyny hem-de kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Geçen asyrlarda yslam ulamalarynyň we alymlarynyň arasynda çüýrän dişleri petiklemek (ýapmak) barada jedelli soraglar bolupdyr. Käbir ulamalar diş boşlugyny petiklemek bolmaýar diýen pikirde bolupdyrlar. Emma agyz boşlugynda birje çüýrik diş bolan ýagdaýynda hem, onuň içinde 10-12 milliondan köp we 200-den gowrak görnüşli kesel dörediji bakteriýalaryň barlygy häzirki zaman stomatologiýasynda subut edildi. Diňe bir agzy suw bilen çaýkamak arkaly bu çüýrän köwekleriň tämizlenip bilmejekdigi aýdyňdyr.
Häzirki zaman stomatologik enjamlarynyň kömegi bilen mehaniki usulda çüýrän dokumalar gyrylyp, ýonulyp arassalanýar, soňra bolsa ýörite antiseptik dermanlar bilen ýuwulýar. Şondan soň dişiň gurluşyna we ulanylýan himiki serişdä baglylykda arassalanyp petiklenýär (plombirlenýär). Eger bu arassalamak we petiklemek işleri amala aşyrylmasa, şol ýerdäki millionlarça kesel döredijiler elmydama köpelip, immun ulgamy peselen bedende beýleki agyr keselleriň döremegine sebäp bolarlar. Şonuň üçin dişlerdäki çüýrik boşluklary öz wagtynda bejertmek we petikletmek hökmandyr. Bu biziň beden amanatymyza bolan wepadarlygymyzdyr.
Geçen asyrlarda ýaşap geçen yslam ulamalarynyň diş petiklemäge garşy bolan pikirleri öz döwrüniň şertlerine görä dogry we dürs bolupdyr. Sebäbi muňa aşakdaky ýagdaýlar sebäp bolupdyr:
· Ol döwürde agyz boşlugynyň, dişleriň we nemli bardanyň anatomiki-topografiki gurluşy hem-de olarda ýüze çykýan keselleriň aýratynlyklary baradaky ylym we düşünjeler çäkli bolupdyr.
· Agyz keselleriniň umumy bedene salýan howpy, zäherlemeleri we gaýraüzülmeleri baradaky ylmy bilimler çäkli bolupdyr.
· Diş kariýesiniň we onuň gaýraüzülmeleriniň öňüni almak, anyklamak hem-de bejermek usullary ösmedik eken.
· Diş bejerilýän wagtynda ulanylýan agyrsyzlandyryjy derman serişdeleri bolmandyr.
· Diş boşlugynyň içindäki çüýrän we zäherlenen dokumalary gyryp, ýonup tämizlemek üçin kämil enjamlary we gurallary ýok eken.
· Diş köwegini ýuwup arassalamak üçin niýetlenen güýçli antiseptik dermanlar ýoklugy ýa-da çäkli bolmagy.
· Emele gelen boşlugy ýapmak we dişiň anatomiki gurluşyny dikeltmek üçin ulanylýan serişdeler agyz boşlugynyň çygly gurşawyna durnuksyz bolupdyr.
Şu sebäplere görä, şol döwürlerde çüýrük we mikroblardan doly dişiň içini arassalaman, üstüni durnuksyz zatlar bilen ýapmak bütin bedeniň zäherlenmegine, keseliň has-da möwç almagyna we hatda ölüme alyp baryp biljekdigi üçin taryhdaky ulamalar zyýanyň öňüni almak maksady bilen "petiklemek bolmaz" diýen netijä gelipdirler. Emma häzirki zaman lukmançylygynda dermanlar we enjamlar arkaly diş doly zyýansyzlandyrylyp bejerilýär.
Mälim bolşy ýaly, Kurany Kerimiň ilkinji emri «Oka!» diýen emirdir. Okamak, ylym edinmek adam üçin uly üstünlikdir. Çünki Allatagala bilimli kişiler bilen bilimsiz kişileriň derejeleriniň deň bolmajagyny mälim edipdir. Bu barada Kurany Kerimiň «Zumer» süresiniň 9-njy aýatynda şeýle diýilýär: «Aýt: «Eýsem bilýänler bilen bilmeýänler deň bolup bilermi?». «Mujadele» süresiniň 11-nji aýatynda bolsa: «Alla sizden iman getirenleriň we ylym nesip edilenleriň derejelerini beýgelder» diýlip, ylym öwrenmegiň ähmiýeti nygtalýar.
Ylma alyp barýan ýol jennete alyp barýan ýoldur. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam: «Ylym öwrenmek üçin ýola çykan kişi yzyna dolanyp gelýänçä, Allatagalanyň ýolundadyr» diýipdir (Tirmizi, «Ylym», 2). Ylym adam üçin uly gymmatlykdyr. Ylymsyz ybadat hem edip bolmaz. Ol adamyň içki dünýäsini we daş-töweregini aýdyňladýan bir yşykdyr. Bu yşykdan mahrum bolan kişiniň dogry ýoly tapmagy kyndyr.
Ebu Derdadan (r.a.) rowaýat edilen bir hadysa görä, Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam şeýle diýipdir: «Kim ylym öwrenmek üçin ýola çyksa, Allatagala ony jennete barýan ýollaryň birine gönükdirer. Perişdeler ylym öwrenmäge höwesli kişiden göwnühoş bolup, ganatlaryny onuň üstüne gererler. Göklerde we ýerde bolanlar, hatda deňizdäki balyklar hem Allatagaladan alymyň günäsini geçmegini dilärler. Alymyň ýöne bir ybadat edýän kişiden üstünligi on dördi gijäniň Aýynyň beýleki ýyldyzlardan üstünligi ýalydyr. Alymlar pygamberleriň mirasdarlarydyr. Pygamberler dinar we dirhem däl-de, ylym miras goýdular. Kim ylym edinse, ony uly bir paý aldygydyr» (Tirmizi, «Ylym», 19).
Abdylla ibn Omardan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam şeýle diýipdir: «Yslam bäş zadyň üstünde bina bolandyr. Bu bäş zat: Allatagaladan başga hudaý ýokdugyna we Muhammediň (sallallahu aleýhi we sellem) Allatagalanyň resulydygyna şaýatlyk etmekdir, namaz okamakdyr, zekat bermekdir, haja gitmekdir we Remezan aýynyň orazasyny tutmakdyr» (Buhary, «Iman», 14).
Ine, bu ybadatlar her bir musulmana parz bolup, olaryň sebäbini we nähili berjaý edilmelidigini bilmek boýnumyzyň borjudyr.
Indi parzy-kifaýa (jemgyýetçilik borjy) bolan ylymlary aýyl-saýyl etmäge çalşalyň. Ylymlar, esasan, dini we dünýewi ylymlar diýlip iki topara bölünýär. Pygamberleriň getiren ylymlaryna dini ylymlar diýilýär we olaryň ählisi peýdalydyr. Dünýewi ylymlar bolsa gowy görülýän (makullanýan), halanmaýan we mubah (ygtyýary) ylymlar diýlip üç topara bölünýär.
Gowy görülýän ylymlar lukmançylyk we matematika ýaly dünýä işlerinde ulanylýan ylymlardyr. Bu ylymlar hem parzy-kifaýa we öwrenilmegi sogaply ylymlar diýlip iki topara bölünýär. Öwrenilmegi parzy-kifaýa bolan ylymlaryň hataryna dünýä işlerinde zerur bolan ylymlar girýär. Bedeniň sag bolmagy üçin zerur bolan lukmançylyk ylmyny, durmuşyň dürli ugurlary üçin zerur bolan matematika ylmyny we şuňa meňzeş beýleki ylymlary öwrenmek parzy-kifaýadyr. Eger bir ülkede bu ylymlardan başy çykýan adamlar ýok bolsa, onda şol ülkede ýaşaýan adamlaryň ählisi günäkär bolýar. Emma şol ülkede bu ylymlardan başy çykýan bir adam hem bar bolsa, beýleki adamlaryň boýnundan bu borç düşýär.
Lukmançylyk we matematika ylymlarynyň parzy-kifaýadygyny aýtmagymyzy geň görüp oturmaň. Çünki bu iki ylym ýaly, ekerançylyk, dokmaçylyk, syýasat ýaly dürli işleriň esasynda ýatýan ylymlar hem parzy-kifaýadyr. Eger bir ülkede lukmanlar ýetişmese, adamlar heläk bolarlar we özlerini heläkçilige sezewar edenleri üçin hem ählisi jogapkär bolar. Çünki derdi beren Allatagala dermanyny hem ýaradypdyr we ynsan ogluna şol dermany tapar ýaly ukyby bagyşlapdyr. Şonuň ýaly-da, musulmanlaryň arasynda bu ylymlary ýeterlik derejede bilýän adamlaryň bolmagy gerek. Bu ylymlaryň bütinleý gözden salynmagy adamlary kyn güne salar we beýle edilmegi asla dogry bolmaz.
Gürrüňimiziň şu ýerinde parzy-kifaýa ylymlar bilen bagly bir ýagdaýa üns bereliň. Bu ylymlary öwrenmek babatda her döwrüň özüne mahsus talaplary bolýar. Biziň ýaşaýan döwrümiz ýokary tehnologiýalar döwri bolup, döwletleriň berkararlygy we halklaryň abadanlygy dürli ylym pudaklarynyň ýokary derejede ösdürilmegine bagly bolup durýar. Şol sebäpli hem çagalarymyzyň ylmyň haýsy pudagyna has meýillidigini kesgitlemäge çalyşmalydyrys we okuwlaryny şol ugurdan dowam etmeklerine goldaw bermelidiris. Şeýle etsek, geljekde olaryň arasyndan uly alymlar çykyp biler. Diýmek, biz häzirki döwürde parzy-kifaýa ylymlar bilen meşgullanýan raýatlarymyzyň sanynyň has-da artyp, olaryň düýpli ylmy meseleleriň çözgüdini tapmaklarynyň aladasyny etmelidiris.
Parz bolmadyk, emma öwrenilmegi sogap gazandyrýan ylymlar babatda aýdylanda bolsa, bular ýaňy gürrüňini eden ylymlarymyzyň çuňluklaryna aralaşýarlar we bu ylymlaryň beýle bir zerur bolmadyk inçe hem-de tapawutlandyryjy aýratynlyklary baradaky bilimleri özlerinde jemleýärler. Bu ylymlary çuňňur öwrenmegiň musulmanlara uly peýda berjegi üçin, bu ugurlarda ýöriteleşen alymlara uly hormat goýupdyrlar.
Mysal üçin, namazyň parzlaryndan biri hem kyragatdyr (Kuran okamakdyr). Kuran okamazdan kylnan namaz dogry däldir. Şonuň üçün hem namaz dogry boljak mukdarda Kuran öwrenmek parzdyr. Şonuň bilen birlikde, Kurany Kerimi tejwid kadalaryna laýyklykda okamagy öwrenip, hatym etmek ýa-da tutuşlygyna ýat tutup, hapyzlyk derejesine ýetmek örän uly sogap gazandyrýar. Şunuň ýaly ukyba eýe bolan adamlara biz aýratyn hormat goýýarys.
Halanmaýan ylymlar jadygöýligiň, gipnozyň, elçalasynlygynyň we gözboýagçylygyň esasynda ýatan ylymlardyr. Şygyrlar, şonuň ýaly-da, milletleriň geçmişinden söz açýan we taryhy wakalary beýan edýän ylymlar bolsa mubah (öz ygtyýaryňa edilýän iş) ylymlaryň hataryna girýär.
Hazirki zaman lukmançylyk ylmynda ýetilen üstünlikler adamzat ýaşaýyşynda möhüm orün tutýar. Şeýle üstünliklerden ugur alnan işler, ýurdumzda “Il saglygy -ýurt baýlygy” diýen ýörelgäni öňe sürýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary we goldawy bilen uly ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gurlan hem gurylýan häzirki zaman ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen Saglyk öýlerinden başlap, Halkara saglygy goraýyş we dikeldiş merkezlerindäki hyzmatlar we şertler munuň aýdyň şaýadydyr. Adamzat ýaşaýyşynda iň gymmatly zat onuň saglygydyr. Ynsan saglygyny gorap saklamakda we dikeltmekde saglygy goraýşyň mümkinçiliklerden ýüz döndermän dogry peýdalanyp, sagdyn beden bilen ybadat edip, ýyllaryň synagyndan geçen “Saglyk- beglyk” diýen ata- babalarymyzyň durmuş mekdebi, ýol- ýörelgesi bilen ýaşamak uly bagytdyr. Bizi şeýle bagtly durmuşda ýaşamagymyz üçin irginsiz tagallary edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri alym, Gahryman Hajy Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyzyň dowamaty dowam bolsun. Janlary sag, belent başlary aman bolsun. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň ýoly Allatagalanyň ýoludyr şol ýol bilen ýöremek her birimize nesip etsin.
Stomatolog, Kulow Myratmuhammet