Turkmenportal logo
Düýn 10:41
6262
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen bedewleri — halkymyzyň buýsanjy!

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dünýä tanadan iň uly gymmatlyklarynyň biri hem ahalteke bedewleridir. Bedew türkmeniň ruhy, mertebesi, edermenligi we gözelliginiň nyşany hökmünde kabul edilýär. Ata-babalarymyz bedewi «wepaly dost» diýip atlandyryp, ony aýratyn hormat bilen ösdüripdirler.

Ahalteke bedewleri dünýäde iň owadan, çydamly we tiz hereket edýän atlaryň biri hökmünde giňden tanalýar. Olaryň uzyn boýy, näzik gurluşy, ýalpyldawuk reňki we akylly häsiýeti beýleki atlardan tapawutlanýar. Alymlar ahalteke bedewleriniň taryhynyň müňlerçe ýyla uzaýandygyny belleýärler. Bu bedewler gadymy döwürlerde hem söweşlerde, uzak ýol geçişlerinde we dürli bäsleşiklerde uly ähmiýete eýe bolupdyr.

Türkmen bedewleriniň dünýäde şan-şöhraty günsaýyn artýar. Häzirki wagtda dürli ýurtlarda geçirilýän halkara atçylyk ýaryşlarynda türkmen bedewleri ýokary netijeleri görkezýärler. Olaryň çydamlylygy we owadanlygy daşary ýurtly hünärmenlerde hem uly gyzyklanma döredýär. Köp ýurtlarda türkmen bedewlerine bagyşlanan sergiler, maslahatlar we ylmy işler alnyp barylýar.

Türkmenistan döwletimizde bedewlere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilýär. Bu baýramçylykda at çapyşyklary, gözellik bäsleşikleri we dürli medeni çäreler geçirilýär. Şeýle çäreler ýaş nesilde bedewlere bolan söýgini artdyrýar we milli däplerimiziň dowam etmegine ýardam berýär.

Bedewlerimiz medeni gymmatlyk däl, eýsem ykdysady taýdan hem möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde atçylyk pudagy ösdürilip, täze atçylyk toplumlary gurulýar. Bu bolsa türkmen bedewleriniň neslini gorap saklamaga we ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen halky üçin bedew mukaddeslik derejesine ýetirilen gymmatlykdyr. Şahyrlarymyz we ýazyjylarymyz hem bedewlerimiz barada köp sanly goşgular, dessanlar we eserler döredipdirler. Ahalteke bedewiniň gözelligi, wepalylygy we batyrlygy türkmen edebiýatynda aýratyn orun eýeleýär.

Türkmen bedewleri diňe bir halkymyzyň baýlygy däl, eýsem dünýä medeniýetiniň hem gymmatly mirasydyr. Olary gorap saklamak, ösdürmek we geljek nesillere ýetirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Türkmen bedewleriniň şan-şöhraty geljekde hem dünýä ýaň salar.

 

Azymberdi GARRYÝEW,

Aba Annaýew adyndaky

Halkara atçylyk akademiýasynyň

Atlaryň kesellerini anyklamak we

bejermek kafedrasynyň mugallymy.