Turkmenportal logo
05.07.15
2891828918
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çaga mobbingi: mekdepde gazaply darama sezewar bolan oglan-gyzlara nädip kömek etmeli?

Mobbing — bu kollektiwde psigologik taýdan zor salma sezewar etmegiň görnüşi. Diňe bir ulular däl, eýsem, çagalar hem azar bermeleriň pidasy bolup bilýärler. Klasdaşlaryň arasynda mobbing giňden ýaýran hadysadyr. Çagalar köplenç halatda adaty durmuşa goşulmaýanlaryň üstünden düşýärler. Adatça daşky keşbinde aýratynlygy bolan, göreldeli okaýanlara ýa-da ýetişigi pes bolanlara, "ejemogullaryna", şeýle hem göwnüne degseler hem gaýtargy berip bilmeýän beden taýdan gowşak çagalara azar berilýär.


Mobbingiň görnüşleri: haýbat atmadan tende urgy yzlaryny galdyrmaga çenli


Norwegiýaly pedagog Erling Rulannanyň pikirine görä, durmuş taýdan azar berlenleriň birnäçe görnüşlerini bellemek bolar.


* Dil üsti bilen kemsitmek


Şeýle ýagdaýa düşürilen kemsitmelere, üstünden gülmelere we ýaňsylamalara sezewar edilýär. Käte gödek aýdylan söz urgudan hem beter bolýar. Şonuň üçinem deň-duşlary tarapyndan kemsidilýän was-was we ynjyk çagalar çuň durgunlyk ahwalyna düşýärler.


* Güýç ulanmagyň täsiri


Mobbingiň bu görnüşine depmek, itmek, tende urgy yzlaryny galdyrmak häsiýetlidir. Şeýle kemsitmelere sezewar bolýan çaga öz beden taýýarlygynyň pesligi sebäpli gaýtawul berip bilenok.


* Ret etmek


Mobbingiň bu görnüşi adatça zenanlar kollektiwlerine mahsusdyr. Gyzlar ýumruklaşmagy halamaýarlar. Olar äsgermeýän adamlaryny öz tarapyna goşanoklar, ýeňsesinden gürrüňini edýärler, halamaýan klasdaşlary gelen mahaly gizlin gürrüňleriniň arasyny kesýärler.


* Haýbat atmak


Oglanlaryň arasynda bolşy ýaly, gyzlaryň arasynda hem ýaýrandyr. Halanmaýan adama güýç ulanmak ýa-da ret etmek arkaly haýbat atylyp bilner.