Turkmenportal logo
26.01.23
7500075000
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda COVID-19 sanjymy baradaky halkara şahadatnamany nireden almaly

Türkmenistanda COVID-19 sanjymynyň alnandygy baradaky halkara şahadatnamany almak üçin birnäçe zerur resminamalary toplamaly bolýar.


Halkara şahadatnamany almak üçin gerekli bolan resminamalaryň sanawy:


  1. Saglyk öýünden COVID-19 sanjymynyň alnandygy barada kepilnama almaly (asyl nusga we göçürme nusga);
  2. Daşary ýurt biometrik pasporty (asyl nusga we göçürme nusga);
  3. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty (asyl nusga we göçürme nusga);
  4. Hemişelik ýaşaýan ýerinden göçüp gidýän raýatlar üçin: göçüp gidiş haty, göçýäniň statusy, pasportundaky göçürme, daşary ýurt pasportyndaky wiza (asyl nusgalary we göçürme nusgalary);
  5. Howa gatnaw peteginiň göçürme nusgasy.

COVID-19 sanjymy baradaky şahadatnamany bu sanjymyň ahyrky tapgyryny alanyňdan soň, resmileşdirip bolýar.


Sorag-jogap gullugynyň telefon belgisi:  +99312282285


Bu halkara şahadatnamany Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet sanitariýa we epidemiologik gullugynyň binasyndan alyp bolýar. Salgysy: Aşgabat ş., Gurbansoltan eje şaýoly, 48-nji jaý.


Döwlet sanitariýa we epidemiologik gullugyndan halkara şahadatnama alnandan soň, bu resminama  COVID-19 sanjymynyň alnan saglyk edarasyndan gerbli möhüri goýdurmak zerurdyr.


COVID-19 sanjymynyň alnandygy baradaky halkara şahadatnama daşary ýurtlara gitmekde gerekli bolan resminamadyr.