Turkmenportal logo
13.12.22
178380178380
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn Asyr» aragatnaşyk operatorynda internet bukjalaryny nädip almaly?

Internet ulgamy — bu sosial ulgamlar we dürli hili messenjerler arkaly garyndaşlaryň, dostlaryň we synpdaşlaryň bilen «aragatnaşykda» bolmak, şeýle hem iş meselelerini tiz çözmek bilen täzelikleri yzarlamak mümkinçiligidir.


Internet-trafigi ýetmeýärmi? Munuň üçin «Altyn Asyr» aragatnaşyk operatorynyň («TM CELL» haryt nyşanly) 30 günlük möhlet bilen ýetirilýän dürli mukdardaky internet bukjalaryndan peýdalanmak bolýar.


Internet-bukjasy USSD-buýrugyň, mobil goşundynyň we «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň resmi saýtyndaky Şahsy otagyň üsti bilen birikdirilýär.


Internet-bukjalaryny birikdirmek üçin USSD-buýruklar:


  • Internet 3 (50 Мb) — *0850*3#
  • Internet 5 (100 Мb) — *0850*5#
  • Internet 10 (250 Мb) — *0850*10#
  • Internet 15 (500 Мb) — *0850*15# (Internet-bukja diňe «Sowgat 2000» nyrhnamasynda işleýär) 
  • Internet 60 (1,5 Gb) — *0850*60#
  • Internet 160 (4 Gb) — *0850*160#
  • Internet 200 (20 Gb) — *0850*200#

Internet-bukja hyzmatynyň bahalaryna laýyklykdaky pul ýygymy we onuň möhleti birikdirilen wagtyndan başlanýar. Degişli möhlet dolanyndan soň, internet-bukjanyň galan megabaýtlaryny ulanyp bolmaýar.


Has giňişleýin maglumatlary «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň resmi saýtyndan okap bilersiňiz.