Turkmenportal logo
15.11.22
7509675096
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýä çempionaty-2022: gatnaşyjylar we oýunlaryň tertibi

20-nji noýabrda Katarda geçiriljek futbol boýunça 2022-nji ýylky dünýä çempionaty başlanar. Ýaryşyň başlanmagyna bir hepdeden hem az wagt galdy. 


Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda 32 ýygyndy 8 kwartete bölünip, özara göreşer. Her toparçada birinji we ikinji ýeri eýelän ýygyndylar 1/8 final tapgyrynda gatnaşmaga hukuk gazanarlar. 


DÇ-2022-niň oýunlary 5 şäherde ýerleşýän 8 stadionda geçiriler. Olar Doha, Lusail, El-Haur, Er-Raýn we El-Wakr şäherleridir. 


1/8 final tapgyrynyň oýunlary 3-6-njy dekabr aralygynda geçiriler. Çärýek finalyň duşuşyklary bolsa 9-10-njy dekabr günleri oýnalar. Ýarym final gapma-garşylyklary 13-14-nji dekabr günleri, üçünji orun üçin oýun 17-nji dekabrda bolup geçer. 


Dünýä çempionatynyň final gapma-garşylygy 18-nji dekabrda «Lusail» stadionynda oýnalar. 


Häzirki wagtda futbol boýunça dünýä çempiony Fransiýanyň milli ýygyndysydyr. Olar 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen mundialda baş baýraga eýe çykypdylar. 


Siziň dykgatyňyza DÇ-2022-niň ähli gatnaşyjylaryny hödürleýäris: 


 «A» toparça: Katar, Ekwador, Senegal, Niderlandlar.
«B» toparça: Angliýa, Eýran, ABŞ, Uels.
«C» toparça: Argentina, Saud Arabystany, Meksika, Polşa.
«D» toparça: Fransiýa, Awstraliýa, Daniýa, Tunis. 
«E» toparça: Ispaniýa, Kosta-Rika, Germaniýa, Ýaponiýa.
«F» toparça: Belgiýa, Kanada, Marokko, Horwatiýa.
«G» toparça: Braziliýa, Serbiýa, Şweýsariýa, Kamerun.
«H» toparça: Portugaliýa, Gana, Urugwaý, Koreýa Respublikasy. 


DÇ-2022-niň duşuşyklarynyp tertibi (aşgabat wagty bilen)


Toparçalaýyn tapgyr


20-nji noýabr, ýekşenbe


«A» toparça. Katar — Ekwador — 21:00 


21-nji noýabr, duşenbe


«B» toparça. Angliýa — Eýran — 18:00
«A» toparça. Senegal — Niderlandlar — 21:00
«B» toparça. ABŞ — Uels — 00:00 


22-nji noýabr, sişenbe


«C» toparça. Argentina — Saud Arabystany — 15:00
«D» toparça. Daniýa — Tunis — 18:00
«C» toparça. Meksika — Polşa — 21:00
«D» toparça. Fransiýa — Awstraliýa — 00:00


23-nji noýabr, çarşenbe


«F» toparça. Marokko — Horwatiýa — 15:00
«E» toparça. Germaniýa — Ýaponiýa — 18:00
«E» toparça. Ispaniýa — Kosta-Rika — 21:00
«F» toparça. Belgiýa — Kanada — 00:00


24-nji noýabr, penşenbe 


«G» toparça. Şweýsariýa — Kamerun — 15:00
«H» toparça. Urugwaý —Koreýa Respublikasy — 18:00
«H» toparça. Portugaliýa — Gana — 21:00
«G» toparça. Braziliýa — Serbiýa — 00:00


25-nji noýabr, anna 


«B» toparça. Uels — Eýran — 15:00
«A» toparça. Katar —Senegal — 18:00
«A» toparça. Niderlandlar — Ekwador — 21:00
«B» toparça. Angliýa — ABŞ — 00:00


26-njy noýabr, şenbe 


«D» toparça. Tunis — Awstraliýa — 15:00
«С» toparça. Polşa — Saud Arabystany — 18:00
«D» toparça. Fransiýa — Daniýa — 21:00
«С» toparça. Argentina — Meksika — 00:00


27-nji noýabr, ýekşenbe 


«E» toparça. Ýaponiýa — Kosta-Rika — 15:00
«F» toparça. Belgiýa — Marokko — 18:00
«F» toparça. Horwatiýa — Kanada — 21:00
«E» toparça. Ispaniýa — Germaniýa — 00:00


28-nji noýabr, duşenbe 


«G» toparça. Kamerun — Serbiýa — 15:00
«H» toparça. Koreýa Respublikasy — Gana — 18:00
«G» toparça. Braziliýa — Şweýsariýa — 21:00
«H» toparça. Portugaliýa — Urugwaý — 00:00


29-njy noýabr, sişenbe 


«A» toparça. Ekwador — Senegal — 20:00
«A» toparça. Niderlandlar — Katar — 20:00
«B» toparça. Eýran — ABŞ — 00:00
«B» toparça. Uels — Angliýa — 00:00


30-njy noýabr, çarşenbe 


«D» toparça. Awstraliýa — Daniýa — 20:00
«D» toparça. Tunis — Fransiýa — 20:00
«C» toparça. Saud Arabystany — Meksika — 00:00
«C» toparça. Polşa — Argentina — 00:00


1-njI dekabr, penşenbe 


«F» toparça. Kanada — Marokko — 20:00
«F» toparça. Horwatiýa — Belgiýa — 20:00
«E» toparça. Kosta-Rika — Germaniýa — 00:00
«E» toparça. Ýaponiýa — Ispaniýa — 00:00


2-njI dekabr, anna 


«H» toparça. Gana — Urugwaý — 20:00
«H» toparça. Koreýa Respublikasy — Portugaliýa — 20:00
«G» toparça. Serbiýa — Şweýsariýa — 00:00
«G» toparça. Kamerun — Braziliýa — 00:00


1/8 final


3-6-njy dekabr 


1/4 final


9-10-njy dekabr


1/2 final


13-14-nji dekabr


Üçünji orun üçin oýun 


17-nji dekabr


Final


18-nji dekabr


Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.