Türkmenistanyň daşary ýurt pasportyny nädip almaly we munuň üçin nähili resminamalary tabşyrmak gerek?!
Daşary ýurt pasporty islendik bir döwletiň raýatynyň başga bir döwletiň çägine giren ýa-da belli bir maksat bilen daşary döwletlerde bolan mahalynda onuň şahsyýetini görkezýän esasy resminamadyr. Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkmenistanyň çäginden çykmakda we ýurduň çägine girmekde biometrik pasporty resmileşdirmek 2008-nji ýylda ýola goýuldy. Bu pasport Türkmenistana degişli bolup, onuň bilen dünýäniň islendik döwletinde bolmak mümkindir. Ol türkmen hem-de iňlis dillerinde taýýarlanylýar.
Daşary ýurt pasportyny almak üçin, ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutmaly.
Daşary ýurt pasportyny resmileşdirmek üçin gerekli resminamalar:
1. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan çykmak we ýurda girmek üçin daşary ýurt pasportyny resmileşdirmek (çalyşmak) baradaky arzasy;
2. 30mm x 40mm ölçegli reňkli surat (ak fonda düşürilen);
3. Türkmenistanyň raýatlyk pasporty (16 ýaşan raýatlar üçin);
4. Dogluş hakynda şahadatnama (Dogluş hakynda şahadatnamasynyň ýa-da dogluş hakynda ýazgysynyň bolmadyk ýagdaýynda onuň ýokdugy baradaky hat gerek);
5. Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan raýatlar üçin hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan resminama;
6. Daşary ýurda hemişelik ýaşamaga giden raýatlar üçin olaryň Türkmenistandan daşynda ýaşaýandygyny tassyklaýan resminama;
7. Nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy baradaky şahadatnama (raýatyň nikada durandygy ýa-da nikasynyň bozulandygy barada şahadatnamasy ýa-da nikada durandygy ýa-da nikasynyň bozulandygy barada ýazgysynyň bolmadyk halatynda, onuň raýatlyk ýagdaýy baradaky ýazgynyň ýokdugy barada şahadatnama talap edilýär);
8. Harby bileti ýa-da harby hasapda durandygy baradaky resminamasy (harby gullugy geçen ýa-da harby gulluga çagyrylmaly şahslar üçin), harby gullukçylar üçin gulluk şahadatnamasy (65 ýaşap geçen harby gullukçylar üçin hökmany däl);
9. Harby gullukçylara Türkmenistandan çykmak we Türkmenistana girmek babatda Türkmenistanyň daşary ýurt pasportyny bermek üçin degişli ministrligiň ýa-da edaranyň ýolbaşçylygyndan hat talap edilýär (ýaramlylyk möhleti 6 aý);
10. Raýatyň daşary ýurt pasportyny resmileşdirmek (çalyşmak) üçin döwlet töleglerini töländigi barada kepilnama ýa-da döwlet töleglerinden boşadylandygy barada degişli resminama;
11. Türkmenistanyň raýatynyň ene-atasynyň pasportlary, 16 ýaşa ýetmedik çagalarynyň resminamalary we olaryň göçürme nusgalary;
12. 16 ýaşa ýetmedik çagalar üçin Türkmenistandan çykmak we Türkmenistana girmek üçin daşary ýurt pasportlary resmileşdirilende şu resminamalar talap edilip bilner:
13. 16 ýaşa ýetmedik çaganyň ene-atasynyň ikisiniň ýa-da biriniň daşary döwlete degişli raýatlyk pasportynyň (pasportlarynyň) bolan ýagdaýynda bu pasportyň görkezilmegi;
14. Kanuny wekiliň hukuklaryny (kanunylygyny) tassyklaýan resminama;
15. Kanuny wekil hökmünde bellenen raýatyň pasporty;
16. Raýatyň şahsy maglumatlarynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminama;
17. Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurt üçin pasportynyň ýitirilen ýa-da ogurlanan ýagdaýynda:
18. Barmak yzlarynyň (barmak yzynyň) alynmagyna päsgel berýän ýagdaýlaryň bardygyny görkezýän lukmançylyk kepilnamasy ýa-da degişli resminama, şeýle hem pasport almak üçin ýüz tutýan adamyň goly;
19. Bar bolan ýagdaýynda başga bir döwletiň (döwletleriň) raýatlyk pasporty (pasportlary) ýa-da onuň (olaryň) ornuny tutýan resminama;
191. Türkmenistanyň daşary ýurt üçin pasportyny almak ýa-da çalyşmak üçin ýüz tutýan raýatlar häzirki zerur bolan resminamalaryň sanawyna laýyklykda, ähli resminamalarynyň asylky nusgasynyň skanirlenen görnüşini elektron nusgada tabşyrmalydyrlar (Bu elektron görnüşdäki resminama nusgalary Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň pasport ulgamynyň goruna ýerleşdirileninden soň, yzyna gaýtarylyp berilýär)
20. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda beýleki resminamalar hem soralyp bilner.
Bellik: Arza beriji tarapyndan Türkmenistandan çykmak we Türkmenistana girmek üçin daşary ýurt pasportyny almakda (çalyşmak) üçin zerur resminamalaryň sanawyna laýyklykda haýsydyr bir resminamanyň berlip bilinmedik halatynda, onuň arzasy we oňa goşulan resminamalar Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň başlygynyň rugsady esasynda kabul edilip bilner. Häzirki zerur resminamalaryň sanawyna laýyklykda, talap edilýän resminamalaryň asyl nusgalary (şu sanawyň birinji we ikinji abzaslarynda görkezilen resminamalardan, şeýle-de onunjy abzasda görkezilen Döwlet tölegi baradaky hatdan başga) eýelerine gaýtarylyp berilýär.
Daşary ýurt pasportynyň ýaramlylyk möhleti:
Pasport 5 ýyla çenli möhlet bilen resmileşdirilýär.
Daşary ýurt pasportynyň gyssagly resmileşdirilmegi:
Türkmenistandan çykýan raýatyň daşynda ýaşaýan ýakyn garyndaşynyň agyr kesellän ýa-da aradan çykan ýagdaýy bilen baglanyşykly, ýa bolmasa başga gyssagly ýagdaýlarda pasport almak üçin ýüztutmalara 3 (üç) iş gününden köp bolmadyk wagtyň dowamynda seredilýär.
Daşary ýurt pasportyny çalyşmak
Degişli pasport şu hili ýagdaýlarda çalşylyp bilner:
Eger zerur bolan ýagdaýynda daşary ýurt pasporty möhleti dolmadyk bolsa çalşylyp hem bilner.
Daşary ýurt üçin pasportyň Türkmenistanyň çäginden daşynda ýitirilen ýagdaýynda näme etmeli?
Türkmenistanyň raýaty tarapyndan pasportyň ýitirilen ýagdaýynda, Türkmenistana girmäge hukuk berýän resminama ýurda gaýdyp gelmek üçin şahsyýetnama hökmünde bolup, ol Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyklary tarapyndan berilýär.