
Geýim-gejimleriň köp, ýöne olaryň haýsysyny geýjegiňi bilmeýärsiň, gör nähili paradoks. Hususan-da, pasyl çalşygynda olaryň içinden haýsysyny geýjegiňi bilip bolanok. Bu ýagdaý näme sebäpden ýüze çykýar? Onuň çäresini tapyp bolmaýarmy?
Olar köp, ýöne geýmäne zat ýok
Garderobyňyzy üns bilen gözden geçireniňizde ondaky eşikleriň ýarysyndan gowragynyň biri-birine gaty meňzeýändigini, diňe käbir ýerlerinde tapawudyň bardygyny görmek bolýar. Olar 5-6 sany jins, 3-5 sany gara jalbar ýa-da şol bir stildäki birgiden köýnekler bolup biler. Netijede, garderobda köp zat bar, ýöne olaryň reňkinde ýa-da stilinde dürlülik ýok. Netijede, her eşik eýýäm köp geýilen ýaly bolup görünýär.

Durmuş ýörelgäňiz bilen garderobyň sazlaşyksyzlygy
Bu deňagramsyzlygyň aýdyň mysaly uzak wagtlap bir ofisde işlän, soň bolsa çaga seretmek rugsadyna giden zenanyň şkafynda bolup biler. Onuň garderobynyň ýarysyndan gowragy ofisde geýilýän resmi egin eşiklerdir, galan ýarysy bolsa diňe adaty eşiklerden ybaratdyr. Bu ýagdaýda şeýle netije çykaryp bolar: durmuş ýörelgäň bilen garderobyňdaky eşikleriň sazlaşygy deň däl, şol sebäpdenem garderobyňda geýmäge zat tapman bilersiň.
Pikirlenmän alan geýimleriňiz
Dükanlara nähili eşik aljagyňy bilmän aýlansaň garderobyňda hemişelik geýilmän ýatjak eşigi hem alyp bilersiň. Bu näme üçin beýle? Sebäbi ol eşigi köp zatlar bilen utgaşdyryp geýip bolmaýan bolmagy mümkin. Şonuň üçin näme aljagyňy pikirleneniňde ilki bilen ony näme bilen geýjegiň hakda oýlan.
Eşikleriňden dynmaga dözümsizlik
Bu zenanlaryň durmuşynda iň köp ýüze çykýan sowally ýagdaý. Eşikleriňizi geýmejek bolsaňyz, ondan dynanyňyzda hem gynanmaň. Birmahal modadan galan eşikleriňizi ýene geýerin diýip ýygnap goýmagyň, aýratynam ony horlanamda geýerin diýip umyt etmegiň peýdasy ýokdur.

Garderoba agram berýän “labyrlar”
Köýnegiň daşky gelşigini eýýäm ýitirendigine garamazdan, “Bu köýnegi uzak garaşyp ýeten syýahatymyň dowamynda satyn alypdym, ony zyňyp bilmerin!” diýýänlerimizem bar. Şeýle ýagdaý köpimize tanyş bolsa gerek. Her bir zatda bir zat bilen baglanyşykly haýsydyr bir ýatlamalar jemlenýär. Ýöne bu ýatlamalar garderobyň agramyny hasam agraldyp biler.
Öz islegleriňizi kanagatlandyryň!
Daşky keşbiň umumy ýagdaýyňdan habar berýändigini berk belläň. Hut şonuň üçinem garderobyňyzy egin eşik bilen üpjün etmäge birjigem kembaha garamaň.