Latest News
News Archive
Санаторий «Моллакара»
Ýerleşýän ýeri: Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden 24 kilometr uzaklykda Jebel şäheriniň ýanynda ýerleşýär. Mollagara şor suwly köli 105 kilometr aralyga uzap gidýär.
Açylan ýyly: XX asyryň başlarynda Mollagara şypahanasy bejeriş edarasynyň derejesine eýe boldy. 1922-nji ýylda 300 orunlyk sagaldyş merkezi açylyp, 2012-nji ýylda durky täzelenen, üsti täze binalar bilen ýetirilen 815 adama, şol sanda 170 maşgala üçin niýetlenen täze döwrebap şypahana gurlup ulanylmaga berildi.
Şypahananyň esasy bejeriş faktory: Şypahana bejeriş duzuna baý bolan bejeriş palçygy we mineral suwy bilen meşhurdyr. Hazar deňzine golaýdygyna garamazdan, bu ýeriň howasy yssy we ýokary kontinental häsiýetlidir. Tomus paslynyň yssysyna, gyşyň aýazly howasyna garamazdan sowuklama kesellerinden ejir çekýänleri bütin ýylyň dowamynda şypahanada bejermäge mümkinçilik bar. Şypahananyň bejeriş palçygy bejerişiň esasy täsin täsir ediş güýjüne eýedir. Ol palçyk şypahanadan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän kölden alynýar. Palçygyň bejeriş täsiri adam bedeniniň sowuklamasyna garşy güýçli täsirindedir, şeýle hem bedeniň fiziki güýjüni güýçlendirýär. Bejeriş palçygyň täsir etmesi onuň fiziki-himiki aýratynlygyna, peýdalanyş usulyna we adam bedeniniň ýagdaýyna baglydyr.
Mollagaranyň bejeriş palçygy goýy gara, gyrmançaly palçyklar toparyna degişlidir we ol ýokary bejeriş aýratynlyklaryna eýedir. Palçykda kaliý duzunyň uly bolmadyk mukdarda bolmagy we gips çökündisiniň bolmazlygy bejeriş palçygynyň tapawutlandyryjy alamaty bolup durýar. Palçykda gipsiň bolmazlygy palçygy adamyň dürli synalaryny bejermekde giňden ulanmaga mümkinçilik berýär.
Şypahananyň duzy, suwy hem pes bolmadyk derejede bejerijilik häsiýetine eýedir. Ýokary minerallaşan duzy, suwy hlor, natriý, magniý suwlaryna degişlidir. Ýylyň dowamynda suwuň minerallaşmagy üýtgäp durýar.
Bellenip geçilişi ýaly adam bedenine bejeriş palçygynyň täsiri onuň peýdalanyş usulyna degişli temperaturasyna we himiki düzümine baglydyr. Bejeriş maksatlary üçin palçyk birnäçe usullarda ulanylýar. Esasan ony adamyň bedenine aýakdan başlap egnine çenli ýapmak bilen ulanylýar.
Bölümleri: Şypahananyň binalar toplumynda keselleri anyklaýyş, çagalar bölümi, bejeriş bölümleri hereket edýär. Palçyk bilen bejeriş, duzly suw bilen bejeriş, fiziobejeriş, bedenterbiýe, anyklaýyş bölümlerinden başga-da duzly suwly wannalar we duşlar bilen bejeriş, suw asty owkalama, Garagumuň gyzgyn çägesi bilen bejeriş, gyzgyn daşlar bilen, duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş, ozon bilen bejeriş, Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan erginler bilen, ýogyn içegäniň suw bilen bejergisi ýola goýlan.
Mollagara şypahanasynda gurnalan fitobarlarda dürli görnüşli melhemlik çaýlar bejergi alýan raýatlaryň saglygyny dikeltmekde uly mümkinçilik döredýär.
Häsiýetli aýratynlygy, ýöriteleşen bejergileri: Mollagara şypahanasy esasan daýanç-hereket ediş agzalaryň kesellerini, damar kesellerini, poliartritleri, osteartrozy, rewmoartritler, distropiki artritleri, brusellýoz artritleri, nerw ulgamyny, osteohondrozy, peşew çykaryş ulgamynyň sowuklama keselleri, ginekologiki keselleri we önelgesizligi bejermekde peýdasy uludyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800-222-9-10-19; 800-222-9-10-20.
If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter strong >