Последние новости

Архив новостей

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

0
4548
Адрес:
Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy.
Телефон:
44-00-08, 44-00-32.
Последнее обновление:

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi garamagyndaky medeniýet we bilim edaralarynda düýpli abatlaýyş we ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyryş işlerini geçirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri şu habaryň ýerleşdirilen gününden başlap, 15 iş gününiň dowamynda aşakdaky salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-00-08, 44-00-32.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме