Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şahsy iş otagyňyzdan elektron poçtaňyza we SMS arkaly telefon belgiňize "Türkmentelekomdan" habar berme hyzmaty

0
11464

Internet ulanyjylaryň sany günsaýyn artýar. Häzirki wagtda internet elýeter bolup, köp öýlerde, iş ýerlerinde bar diýsek ýalňyşmarys. “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy öz müşderileri üçin täze hyzmaty döredendigi barada www.online.tm saýtynda bellenilýär.

Bu hyzmat her müşderä degişli şahsy iş otagyndan elektron poçtasyna ýa-da SMS arkaly telefonyna käbir zerur bolan maglumatlary habar berýär. Hyzmat tölegsiz bolup, ony işe girizmek üçin şahsy iş otagyndaky sanaw bölüminden “Главная/Сообщения/Оповещения” geçip, mobil telefon belgiňizi (9936xxxxxxx) ýa-da elektron poçtaňyzy (ýa-da ikisini hem) girizip we tassyklap, özüňize gerekli habar berme hyzmatlaryny saýlap işe girizip bilersiňiz.

Suratda görnüşi ýaly, şahsy iş otagyňyzdaky hasabyňyz boýunça şulardan habarly bolup bilersiňiz: balansyňyz belli möçberden azalanda, bir gün öňünden tölenmeli mukdaryňyzyň gutarýandygynyň ýatladylmagy, hasabyňyz boýunça aýlyk hasabat, tölegiň geçendigi barada habar, antiwirusyň möhletiniň tamamlanýandygy barada duýduryş we aýlyk hasap.

SMS arkaly habar berme hyzmatlaryna başga-da brinäçe mysallar bermek bolar, meselem bank ulgamyndan, SMS banking hyzmaty – müşderiniň öz kartyny zerur wagtynda blokirläp bilmek mümkinçiligi, SMS habar berme hyzmaty – aýlyk zähmet haky karta geçende ýa-da kartda islendik hereket bolanda müşderini SMS arkaly duýdurmak, Internet banking we Mobil banking hyzmatlarynda islendik töleg edilende müşderä SMS ibermek arkaly şol amaly tassyklatmak we ş.m.

Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi ähli tarapdan amatly bolup, adamlaryň işlerini aňsatlaşdyrmaga ýardam berýär.

Çeşme: Türkmentelekom resmi web sahypasy.

Soraglaryňyz bolsa ýazyň: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar