Soňky habarlar

Arhiw

Adnan Arykanly, Türkiýäniň «TRT» döwlet teleradiokompaniýasy

21:0613.02.2017
0
2466

— Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary, hakykatdan-da, şanly sene. Şonuň üçin hem üçin saýlawlar ýurduň ähli künjeginde baýramçylyk joşgunyna beslendi. Saýlawlaryň demrokratik ýörelgelere laýyklykda, adalatly geçirilendigine öz gözümiz bilen şaýat bolduk. Muny Halkara Saýlaw toparynyň agzalary hem nygtaýarlar. Saýlawlardan öň dalaşgärleriň ählisiniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde deň derejede çykyş edendigini, olaryň ýerlerde saýlawçylar bilen duşuşyp, öz maksatnamalary bilen tanyşdyrandyklaryny ählimiz gowy bilýäris.

Türkiýäniň «TRT» teleradiokompaniýasy ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistandan habarlary taýýarlap, türkiýeli we bütin dünýäden bolan tomaşaçylaryna, diňleýjilerine ýetirýär. Şu gezekki saýlawlarda hem şeýle boldy. Bize saýlaw sandyklarynyň edil gapdalynda durup ýazgy etmäge mümkinçilik döretdiler. Şeýlelikde, Türkmenistanda demokratik saýlawlaryň geçirilýändigini öz ýaýlymlarymyzyň üsti bilen bütin dünýä görkezdik. Mahlasy, dost ýurdumyz Türkmenistanyň baýram ruhunda saýlawlary geçirmegi bizi örän begendirdi. Biz türkmen halkyny agzybirlikden kemala gelen bu üstünlik bilen tüýs ýürekden gutalaýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň