Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda alyş-çalyş amallary

18:5122.07.2016
0
6477

Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Eksportyň ösdürilmegi we importyň ornuny çalyşýan önümçiligiň giňemegi ugrunda ýeňillikli şertler bilen karzlar berilýär. Şol karzlaryň esasynda 1000-den gowrak taslama maliýeleşdirildi. Gurluşyk harytlaryň, azyk önümleriniň, sarp ediş harytlarynyň önümçiligi şu taslamalara mysal bolup biler.

Ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady syýasaty netijesinde halkara ykdysady gatnaşyklaryň gerimi barha ösdürilýär. Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň işjeň häsiýete eýe bolmagynyň netijesinde, edara görnüşli taraplaryň we edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçileriň daşary ýurt puluna bolan zerurçylyklary bökdençsiz we kanunçylykda bellene kadalara laýyklykda kanagatlandyrylýar.

Häzirki wagtda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda Türkmenistanda daşary ýurt puly ygtyýarly karz edaralarynyň we olaryň alyş-çalyş nokatlarynyň üsti bilen satyn alynýar we satylýar. Ygtyýarly karz edaralary edara görnüşli taraplar, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçiler üçin daşary ýurt puluny Türkmenistanyň puluna we daşary ýurt puluna nagt däl görnüşde satyn alýarlar we satýarlar.

Şeýle amallary ýerine ýetirende ygtyýarly karz edaralary, maliýeleşdirilmeginiň çeşmelerine garamazdan, şol sanda eksport üçin, önümleriň we harytlaryň, oba hojalyk, azyk önümleriniň we sarp edilýän harytlaryň, senagat önümçiligi, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy çygyrlarynda, taslamalaryň durmuşa geçirilmegini amala aşyrýan dahyllylara - edara görnüşli taraplara, şeýle hem dahyllylara - edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilere daşary ýurt puluny satyn almak-satmak hukugyny ileri tutmaga borçlandyrylan.

Ykdysady subýektler üçin wajyp bolan şu amallaryň ýerine ýetirilmeginde zerur çäreler geçirilýär. Şu ulgamda hereket edýän kanunçylyk, şol sanda kadalaşdyryjy hukuknamalar döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň binýadynda Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasy hereket edýär. Biržanyň amala aşyrýan söwdalarynda daşary ýurt puluna bolan zerurçylyklar kanagatlandyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň