Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet günleri tamamlandy

23:4704.02.2016
0
3954

4-nji fewralda Türkmenistanda her ýylda uly üstünlik bilen geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Eýranyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirilip, oňa ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly sungaty söýüjiler gatnaşdylar.

Bilelikdäki konsert dostluk baýramçylygynyň jemlenmesine öwrüldi. Ol sahnada iki ýurduň estrada artistlerini, halk eserlerini meşhur ýerine ýetirijileri, folklor tans toparlaryny birleşdirdi.

Döredijilik forumy türkmenistanlylara Eýranyň baý medeniýeti hem-de häzirki zaman sungatynyň ösüşiniň ýagdaýlary barada bilmäge, ýurdumyzyň myhmanlaryna bolsa paýtagtymyzyň gözel ýerleri, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň, Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin gymmatlyklary we Türkmenistanyň  taryhynyň ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň