Türkmenistanda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty --- Änewde geçiriljek çärelere badalga berilýär

10:1426.03.2024
0
8713

Şu gün Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy geçirilýär.

Türkmenistana eýýäm köp sanly daşary ýurtly myhmanlar – halkara guramalaryň wekilleri, ylym, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler geldiler. Olar hepdäniň başyna meýilleşdirilýän birnäçe möhüm çärelere gatnaşarlar diýlip, "Türkmenistan: Altyn asyr" internet neşirinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, 26-njy martda Änewiň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreler badalga alar. Ýylyň giň gerimli maksatnamasynyň açylyş dabarasyny Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Dabaranyň çäginde wokalçylaryň bilelikdäki konsertini, şekillendiriş we amaly bezeg sungaty ussatlarynyň, fotosuratçylaryň eserleriniň – türki halklaryň wekilleriniň eserleriniň sergisini guramak meýilleşdirilýär. Bu çärelere gatnaşmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, TDG-ä agza we synçy ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň, döredijilik we ylmy wekiliýetleriniň gelmegine garaşylýar.

28-nji martda bolsa Änewiň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň çäginde «Türkmen topragy – gadymy siwilizasiýalaryň merkezi» atly metbugat forumy geçiriler. Oňa TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň KHS-niň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaş ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar. Forumyň işi «Türki medeniýetiniň bitewüligi we metbugatda tutýan orny», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Sanly metbugat we täzelikler», «Filmler, animasiýalar we film festiwallary» atly 4 bölümde geçer.

Myhmanlar üçin taryhy ýadygärliklere we Aşgabadyň hem-de Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine gezelençler guralar.

Mediaforuma gatnaşýanlar 27-28-nji marta meýilleşdirilýän «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata çagyrylar. Çärä ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýahatçylyk operatorlary çagyryldy. Myhmanlar täsin taryhy we medeni ýadygärlikler, muzeý gymmatlyklary we Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanşarlar.

Maslahatyň çäginde hünärmen duşuşyklary, ylmy we amaly forum hem-de syýahatçylyk düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga degişli resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň üç ýyllygy 29-njy martda Arkadag şäherinde geçiriljek uly medeni çäreler bilen bellener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň