Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Slowakiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri bilen duşuşdy

10:2412.12.2015
0
2834

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Slowakiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Miroslaw Laýçak bilen duşuşdy. Myhman Türkmenistanyň Bitaraplygynyň  20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza geldi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Bitaraplyk baýramçylygy bilen gutlady.

Öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, Miroslaw Laýçak bu gyzyklanmanyň, ilkinji nobatda, milletiň Lideriniň döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda durmuşa geçirýän oňyn özgertmeler syýasatynyň netijesidigini nygtady. Premýer-ministriň orunbasary,  daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, tutuş Ýewropa Bileleşiginde bolşy ýaly, Slowakiýada Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary, onuň sebitde we tutuş dünýäde howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk çäreleri giň goldawa eýe bolýar. Ýurduň bitarap ösüşi ýyllarynda gadymy türkmen topragynda bolup geçen özgertmeleriň möçberlerine haýran galýandygyny belläp, myhman bu ýetilen sepgitleriň türkmen halkynyň düýpli bähbitlerine gulluk edýän durmuş ulgamyny nazarlaýandygyny nygtady.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutany Türkmenistanda özüni ygtybarly we işewür hyzmatdaş hökmünde tanadan dostlarymyz bilen  bilelikde ählihalk dabaralaryny guramaga  örän şatdygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda milletiň Lideri we myhman Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasynda we tutuş Ýewropa ugry boýunça ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň geljegini we onuň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatynyň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň we ÝB-niň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenildi. Ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge Slowakiýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, jenap M.Laýçak ýurtda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasy işewür gatnaşyklary artdyrmak üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär diýip belledi.  

Şunuň bilen baglylykda, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlaryny kesgitläp, döwlet Baştutany slowak hyzmatdaşlary ulag-aragatnaşyk taslamalaryna, şeýle hem ýurduň senagat, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklarynda durmuşa geçirilýän maksatnamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Gumanitar ulgamdaky, has takygy, bilim babatdaky hyzmatdaşlyk hem möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda Premýer-ministriň orunbasary, daşary işler ministri Miroslaw Laýçak Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan milletiň Liderini Slowakiýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelip görmäge iberilen çakylygyny gowşurdy.

Duşuşyga Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Pawol Iwan gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň