Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplarynyň “Pikirleriň göçgüni” Halkara olimpiadasyndaky ikinji üstünligi

16:0322.10.2015
0
6020

Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe, buhgalter hasabaty we auditi fakultetleriniň üçünji ýyl talyplary Nedir Hydyrowdan we Patma Şirowadan, şeýle hem ylmy ýolbaşçy, mugallym Guwanç Şamuhammedowdan ybarat düzümdäki topary nobatdaky gezek halkara aň-paýhas bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Russiýanyň “Ylym wektory” ylym-bilim edarasy tarapyndan guralan “Pikirleriň göçgüni” atly ylmy işleriň 3-nji Halkara olimpiadasynyň jemleri boýunça ikinji baýrakly orny eýelediler we ýörite medallara we halypalara gowşurylýan ýokary taýýarlyk derejesi üçin diýen Hormatly diploma mynasyp boldular.

Olimpiada 23 ugur boýunça geçirildi. Türkmen talyplary “ykdysady ylymlar” ugruny saýlap aldylar we bilermenler toparynyň garamagyna “Häzirki zaman şertlerinde önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmegiň usullary” mowzukdan düýpli ylmy barlaglary hödürlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň