Aşgabatda zenanlaryň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri kesgitlenildi

0
128
0
0

Basketbol ýaryşlary şu ýylyň başynda açylan “Bagtyýarlyk” täze sport toplumynyň meýdançasynda geçirildi. Medallar ugrunda bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden toparlaryň 6-sy çykdy. Olar iki toparça bölündiler. Aýlaw ulgamy arkaly geçirilen oýunlaryň jemleri boýunça ýarym finalçylaryň 4 topary kesgitlenildi (her toparçadan iň oňat iki topar), öňe saýlanan şol toparlar ýaryşyň baş baýragy bolan altyn medal we Kubok ugrunda güýç synanyşdylar.

Netijede, her duşuşykda garşydaşlaryndan ynamly üstün çykan ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň basketbol topary ýeňiş gazandy. Şol sanda olar özleriniň esasy bäsdeşleri, bäsleşikde ikinji orny eýelän Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň zenanlar toparyndan üstün çykdylar.

Bu toparlary Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň uly tälimçisi Irina Ýakowlewa türgenleşdirýär. Bu tälimçiniň türgenleri geçen ýyl Tailandda geçirilen Aziýa kenarýaka oýunlarynda  “3x3” görnüşdäki ýaryşlaryň iň oňat alty toparynyň hataryna girdiler. Şu ýylyň başynda bolsa I.Ýakowlewanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň zenanlar topary nusgawy görnüşinde halkara basketbol ýaryşynyň (Filippinler) bürünç baýragynyň eýesi boldy.

Aşgabatlylaryň eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda milli derejedäki ýaryşlaryň ählisinde öňdebaryjylygy saklaýandyklaryny aýtmak gerek. Ýurdumyzyň çempionatynyň öňýanynda bolsa, paýtagtymyzyň toparyndaky basketbolçy gyzlaryň ökdeleriniň biri—A. Hydyrowa Katarda geçirilen iki hepdelik halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdy. Şol ýerde ol Aziýanyň iň güýçli basketbolçy gyzlary bilen birlikde, amaly we tejribe okuwlaryny, şol sanda dürli ýurtlardan bolan oýunçylaryň ýygyndysynyň düzüminde ençeme duşuşyklara gatnaşyp,  okuwlary geçdi.  Görnüşi ýaly, aşgabatlylaryň bu ýeňşi kanunalaýyk netije bolup durýar.

Welaýatlardaky türgenleriň hem barha artýan ussatlygyny bellemek gerek. Aýratyn-da, sport meýdançasynda aşgabatlylara ýylsaýyn bäsdeşlik döredýän  Lebabyň basketbolçylarynyň ussatlygy bellärliklidir. Bu gezek Z.Sultanowanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýän ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ýygyndysy üçünji orny eýeledi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru