Rasul Gylyjowyň dolandyrmagyndaky Ýaşlar kamera orkestri öz sekizinji konsert möwsümini açýar

0
631
3
1

Täze möwsümiň ilkinji konserti ýekşenbe güni, 2015-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda “Türkmenistan” kinokonsert zalynda 18.00-da geçiriler. Ol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanýar.

Konsert programmasynda Wiwaldiniň, Kalmanyň, Legaryň sazlary bar. Türkmenistanyň at gazanan artisti pianinoçy Wladimir Mkrtumow bolsa Mosartyň we Şopeniň eserlerini ýerine ýetirer.

Şeýle hem konserte wokalçylar Nury Nuryýew bilen Gözel Annahanowa gatnaşýarlar.

Giriş peteklerini öňünden buýurmak boýunça telefonlar: 864 037456, 863 467177, 22-16-01.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru