Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy boýunça 5 resminama gol çekildi

10:2631.05.2023
0
26543
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy boýunça 5 resminama gol çekildi
Surat: president.ir

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparynyň birinji gününde — 30-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygyndan soňra gepleşikler iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda dünýä giňişliginde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň barha artýan orny bilen baglylykda, sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada pikir alşylyp, nebitgaz, elektroenergetika, ulag, oba hojalygy, söwda, maýa goýum, senagat ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama;
  • Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna;
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama;
  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Onda dostlukly we ynanyşykly ýagdaýda geçen duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy, parlamentara, söwda, ulag, energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ähli ugurlary boýunça pikir alşylandygy nygtalýar.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we EYR-nyň Prezidenti metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň