Türkmenistanyň “TürkmenÄlem” ilkinji aragatnaşyk hemrasy uçuryldy

0
6642
256
8

28-nji aprelde  Aşgabat wagty bilen 4 sagat 03 minutda ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnunda Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52oE” ilkinji aragatnaşyk hemrasyny äleme çykarmak çäresi boldy. Biziň ýurdumyzyň buýurmasy esasynda Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasynyň taýýarlan kosmiki enjamy “Falсon 9” göteriji bilen älem giňişligine çykaryldy.

Şu waka mynasybetli Aşgabat bilen ABŞ-nyň “SpaсeX” kompaniýasynyň badalga meýdançasynyň arasynda teleköpri guraldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52oE” emeli hemra aragatnaşygynyň kosmos giňişligine çykarylmagy bilen watandaşlarymyzy gutlap, Bitarap döwlet bolan ýurdumyzyň halkara giňişligine parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer başlangyçlar hem-de hoşniýetli goňşuçylyk dost-doganlyk gatnaşyklaryna eýermek arkaly çykýandygyny belledi.

«TürkmenÄlem 52°E» hemra orbitada öz ornuny eýeläninden soň, ol Ahal welaýatynda ýerleşen hemrany dolandyryş merkezi bilen aragatnaşygy ýola goýar.

Hemranyň tutuş enjamyndan alynýan maglumat we barlag ölçegleri hemranyň dolandyryş merkezinde hasaba alnar. Merkeziň hünärmenleri daşary ýurtlaryň degişli merkezlerinde, edaralarynda okuw we tejribe geçdiler. Şeýlelikde, taýýarlyk derejesi bolan işgärler hem-de operatorlar hemranyň hereketine we onuň ulgamynyň ýagdaýyna gije-gündizleýin gözegçiligi amala aşyrarlar hem-de ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ýerüsti beketlerden kosmos orbital enjamlarynyň dolandyrylyşyny üpjün ederler we onuň işleýiş derejelerine doly gözegçilik ederler.

------------------------------

Bizi LINE-da yzarlan!

Добавить

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru