Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-eýran serhedindäki bilelikdäki bazar gaýtadan açyldy

16:4128.08.2022
0
26461
Türkmen-eýran serhedindäki bilelikdäki bazar gaýtadan açyldy
Surat: mehrnews.com

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhedinde hereket edýän «Bajygyran» bazary şu gün gaýtadan öz işine başlady. «Mehrnews» habarlar gullugynyň habar berşi ýaly, bu bazar koronawirus pandemiýasy sebäpli, 34 aý öz işini çäklendirdi.

Habarda nygtalyşy ýaly, bu bazar wagtlaýyn ýapylmazyndan ozal, her ýyl 4 million dollardan gowrak haryt Türkmenistana eksport, takmynan 500 müň dollarlyk haryt bolsa Eýrana eksport edilýärdi.

«Bajygyran» serhetýaka bilelikdäki bazary Türkmenistan bilen Eýranyň Horasan Razawi welaýatynyň arasyndaky söwda-senagat hyzmatdaşlygynda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem bu bazar ortaça 700-den gowrak adamy iş bilen üpjün edip bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň