Russiýa we Türkmenistan bilelikde uniwersitet döreder

18:3010.06.2022
0
26242

Moskwada geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin russiýa-türkmen bilelikdäki uniwersitetini döretmegi ylalaşdylar. Bu barada Kremliň metbugat gullugy habar berýär.

Moskwanyň Uly Kreml köşgünde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesinde Prezident Wladimir Putin: «Russiýa dürli ugurlarda ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana ýakyndan ýardam berýär. Türkmen ýaşlarynyň arasynda rus bilimine gyzyklanmalar durnukly ýagdaýda ýokary bolmagynda galýar» diýmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek hakyndaky teklibini goldaýandygyny mälim etdi.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň 30 müňden gowragy okaýar. Şolaryň 4 müň 300-den gowragy bolsa býujetiň maliýeleşdirmeginde bilim alýan talyplardyr.

Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow nobatdaky gepleşikleriň barşynda Türkmenistanda indi 20 ýyl bäri A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň üstünlikli hereket edýändigini göz öňünde tutup, türkmen tarapynyň bu mekdebiň işini has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Prezident Wladimir Putin, öz gezeginde, bu ugurda durmuşa geçiriljek çärelere hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň