Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Statistika boýunça iş toparynyň maslahatyna gatnaşdy

0
537
0
0

Aşgabat, 07.03.2015. “Türkmenportal”.

2015-nji ýylyň 3-njy marty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasynda BMG-niň Statistika boýunça iş topary özüniň 46-njy maslahatyny geçirdi. Bu barada www.turkmenistanun.org saýtynyň habarynda aýdylýar.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A. Mämmedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýeti maslahatyň gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça çykyş etdi.

Maslahatyň barşynda ara alnyp maslahatlaşmaga we degişli kararlaryň kabul edilmegine gönükdirilen öňegidişligiň has giň möçberli görkezijilerini işläp düzmegiň giň maksatnamasy, ekologiýa-ykdysady düzümiň hasaby, halkara söwdasynyň we ykdysady globallaşmagyň statistikasy, ösüş bähbitleri üçin habar beriş-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylyşy ýaly meseleler hödürlendi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylygy her ýyl geçirilýän bu maslahatyň işine 2010-njy ýyldan bäri gatnaşyp gelýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru