Soňky habarlar

Arhiw

«Köpetdag» — «Energetik»: Seýidowyň toparyna Seýidow ýeňiş getirdi

22:4621.04.2017
1
6685

Şu gün «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda Futbol boýunça Milli çempionatymyzyň 9-njy tapgyrynyň açylyş duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol topary Mary DES-iň «Energetigini» Meýlis Seýidowyň 35-nji minutdaky goly bilen 1:0 hasabynda ýeňdi.

Janköýerleriň agramly bölegi bu hasaba garaşmadyk bolsa gerek. Bir welin aýdyň: «Köpetdag» netije bermeýän güýçli düzümden yhlas bilen der dökýän ejiz toparyň üstün çykyp bilýändigini subut etdi. Umuman-a, «Altyn asyry» hasap etmeseň, «Köpetdag» liganyň güýçli hasaplanylýan toparlaryny ýa ýeňdi, ýa-da bary-ýogy bir gol tapawudy bilen ýeňildi. Şeýdip hem tapgyrdan öň ýaryş tertibiniň 8-nji basgançagyndaky «Köpetdag» şu günlükçe 6-njy orna çenli ýokary galdy. Şu günlükçe, «Energetik» hem öňki ornunda, ýagny 2-nji basgançakda. Ýöne tapgyrda «Ahaldyr» «Balkan» ýeňiş gazanaýsa, «energetiklere» dördünji orna çenli aşak düşmek howpy abanýar. Bu bolsa çempionlygyň esasy dalaşgäri «Altyn asyrdan» üç oýun kän geçiren «Energetigiň» çempionlyk hyýalyny-da diňe hyýallygyna galdyryp biler.

Bu ýeňişden soň, Ýokary liganyň rowaýaty topary «Köpetdag» ligadaky utuklarynyň jemini 800-den geçirdi.

Ertir tapgyryň ýene iki duşuşygy geçiriler. «Aşgabat» stadionynda paýtagtyň adybir topary «Ahaly», «Şagadam» «Balkany» kabul eder. Tapgyr 23-nji aprelde «Turan» — «Altyn asyr» duşuşygy bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň