10-njy noýabrda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sasaki Hiroşi Aşgabat şäherindäki 140-njy orta mekdebe baryp gördi.
Ilçiniň mekdebe amala aşyran saparynyň dowamynda «Kasumi Kaýkan» ýapon jemgyýetiniň «Kasumi Kaýkanyň kitap sowgady» maksatnamasynyň çäginde Ýaponiýa barada kitaplar gowşuryldy. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Çärä ýapon dilini öwrenýän okuwçylar hem-de mugallymlar gatnaşdylar. 1-nji synpdan 12-nji synpa çenli okuwçylaryň çykyşlary dabaranyň şowhunly geçmegine goşant goşdy. Olar ýapon dilinde bilelikde aýdym aýtdylar, goşgy okadylar hem-de ýapon tanslaryny ýerine ýetirdiler.
Ilçihana sowgat berlen kitaplaryň üsti bilen okuwçylaryň Ýaponiýanyň medeniýetini we taryhyny has çuňňur öwrenip biljekdiklerine uly ynam bildirýär.
