Türkmenistan bilen deňziň düýbüni arassalaýyş hem-de deňiz inženerçilik işlerinde dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan «Van Oord» niderland kompaniýasynyň arasynda halkara derejedäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan ilçi Sapar Pälwanow bilen kompaniýanyň direktory Pol Wortmeýeriň arasynda geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça berlen habarda aýdylýar.
Duşuşygyň dowamynda esasy üns Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ösüşine, deňiz infrastrukturasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine hem-de Türkmenistanda amala aşyrylyp bilinjek bilelikdäki taslamalara gönükdirildi.
Duşuşygyň dowamynda Pol Wortmeýer 2025-nji ýylyň 22 — 24-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebit we gaz» atly halkara maslahatyna we sergisine («OGT-2025») gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek islegini beýan etdi.
«Van Oord» kompaniýasy deňziň düýbüni arassalaýyş, deňiz desgalaryny we kenarýaka infrastrukturasyny gurmak boýunça ýokary derejeli işleri ýerine ýetirýär. Kompaniýa şu wagta çenli dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda taslamalary üstünlikli amala aşyrdy.
