Günbatar Türkmenistandaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy her ýylda 150 müň töweregi myhmany kabul edýär we ol ýurduň möhüm syýahatçylyk merkezine öwrülýär. Bu barada «Anadolu» habarlar gullugy habar berdi.
Awaza Balkan welaýatynda, Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinden takmynan 25 minut uzaklykda ýerleşýär. Syýahatçylyk zolagy ak reňkli arhitekturasy, gowy saklanýan köçeleri we ösen kenarýaka infrastrukturasy bilen ünsi özüne çekýär.
Anadolu bu syýahatçylyk zolagynyň çägeli kenarlary, arassa deňiz suwy we dynç almak, saglygy berkitmek üçin ösen infrastruktura bilen meşhurdygyny ýazýar.
Bu ýerde syýahatçylar kaşaň myhmanhanalarda bolýarlar we seýilgählere, güýmenje meýdançalaryna baryp görýärler.