Turkmenportal logo
25.06.26
72647264
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen modelýeri Tanger Fashion Week 2026 halkara moda hepdeliginde täze toplumyny hödürledi

Türkmen dizaýner-modelýeri Göwher Pirgulyýewa-Guwerne özüniň täze lybaslar toplumyny Marokkanyň Tanžer şäherinde geçirilen Tanger Fashion Week 2026 halkara moda hepdeliginiň münberinde hödürledi.

«Silk Road and Al-Andalus» assosiasiýasy tarapyndan guralan moda görkezilişleri Fairmont Tazi Palace Tangier myhmanhanasynyň meýdançalarynda geçirildi.

Dürli döwrebap dizaýn ugurlarynyň höküm sürýän şertlerinde türkmen modelýeriniň işleri moda dünýäsiniň talapkär tomaşaçylarynda uly gyzyklanma döretdi — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Göwher türkmen halkynyň milli keşdeçilik sungatyny we gadymy nagyşlaryny häzirki zaman moda meýilleri bilen ussatlyk bilen utgaşdyrmagy başarýar. Bu aýratynlyk bolsa tomaşaçylaryň üýtgewsiz gyzyklanmasyna eýe bolýar.

Ýatlap geçsek, onuň «Beýik Ýüpek ýolunyň yzlary bilen» atly lybaslar toplumy Aşgabatda geçirilen Turkmentextile Expo–2026 halkara sergi-ýarmarkasynyň moda görkezilişinde hem özüne uly ünsi çekdiripdi. Lybaslar toplumy Maroc Fashion Week 2026 çäresine gatnaşmak maksady bilen Marrakeşe amala aşyrylan saparyň täsiriniň esasynda döredildi.

Bu kolleksiýada häzirki döwürde syýahat etmegiň, täze tanyşlyklary ýola goýmagyň, medeni gatnaşyklary ösdürmegiň we dünýä bilen aýakdaş bolmagyň nähili möhümdigini görkezmek isledim – diýip, Göwher gürrüň berdi. – Saparymyň dowamynda meni şa maşgalasynyň rezidensiýasynda ýerleşdirdiler. Bu meniň üçin täsirli we ýatdan çykmajak tejribe boldy. Biz köp söhbetdeş bolup, halklarymyzyň medeniýeti barada pikir alyşdyk we aramyzda örän köp umumylygyň bardygyny gördük. Kabul edýän tarap Türkmenistan bilen tanyşmaga uly gyzyklanma bildirdi. Köşgüň içinde türkmen halylarynyň ýerleşdirilmegi hem özboluşly manyly pursat boldy. Men olaryň eýelerine türkmen nagyşlarynyň gizlin manylary we mazmuny barada buýsanç bilen gürrüň berdim. Olar muny şeýle bir uly höwes bilen diňlediler welin, hatda aýdanlarymy ýazyp aldylar.

2026-njy ýyl dizaýner üçin örän baý wakalara beslenen ýyl boldy. Ýanwar aýynda Parižiň ýokary moda hepdeliginiň çäklerinde onuň brendi meşhur Oriental Fashion Show moda görkezilişiniň bezegine öwrüldi. Moda görkezilişi Aziýa sungatynyň milli muzeýi bolan meşhur Gime muzeýinde (Musée Guimet) geçirildi.