“Altyn asyr” bank kartlaryny howpsuz ulanmak boýunça birnäçe maslahatlar

2
10800

Nagt däl we onlaýn hasaplaşyklaryň giňden ýaýbaňlandyrylýan döwründe bank kartlaryndan peýdalanmaýan ýok bolsa gerek. 

Söwda nokatlarynda, jemgyýetçilik-iýmiti ýerlerde haryt, hyzmatlar üçin tölegler amala aşyrylanda, elektron petekler satyn alnanda ýa-da onlaýn dükanlarda söwda edilende zerur bolan “Altyn asyr” bank kartlaryny howpsuz ulanmak boýunça birnäçe maslahatlary, biz türkmenportal web saýty ýörite siz üçin taýýarladyk.

 

  • Täze bank kartyny alan badyňyza onuň arka tarapyndaky ak setire goluňyzy çekiň. Sebäbi bank bilen baglaşan şertnamadaky goluňyz bilen bank kartdaky goluňyzyň meňzeşligi – kartyň hakykatdan hem size degişliligini görkezýär diýlip dünýä tejribesinde hasaplanýar; 
  • Bank kartyňyz bilen bagly islendik soraglar ýüze çykanda ýüz tutmak üçin, kartyňyz haýsy banka degişli bolsa, şol bankyň sorag-jogap we tehniki hyzmat gulluklarynyň telefon belgilerini alyň;
  • Bank kartyňyzda bolup geçýän ähli amallardan habarly bolmak üçin SMS habar hyzmatyny birikdiriň;
  • PIN-kody bank kartynyň ýüzüne ýazmaly däl! Ony ýatda saklamaly ýa-da howpsuz ýerde saklamaly;
  • PIN-koduňyzy hiç kime aýtmaň. Düzgün boýunça PIN-koduňyzy özüňiz bilmeli we islendik ýerde bank karty arkaly töleg edilende kody özüňiz girizmeli;
  • Bank kartyňyzy keseki adamlara bermeli däl; 
  • Kartyňyz ýitse we ş.m. ýagdaýlarda degişli bankyňyza habar berip, karty dessine wagtlaýyn blokirletmeli. Bank kartyňyzy “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlarynyň üsti bilen hem blokirläp bolýar. Bu hyzmatlardan peýdalanmagy endik ediniň;
  • Bank kartyňyz arkaly internet dükanlarynda söwda edeniňizde web saýtlaryň atlarynyň dogry ýazylyşyna üns beriň, şeýle hem internet arkaly töleg geçireniňizde özüňize degişli kompýuter ýa-da ykjam enjamyndan peýdalanyň;
  • Bank kartyňyzyň CVC-koduny kartyň arka tarapynda tapmak bolar (soňky 3 belgi). Eger CVC-kod bank kartynda ýazylmadyk bolsa, ony degişli bankyňyza ýüz tutup ýa-da bankomatlaryň kömegi bilen almak bolar;
  • Bank kartlary arkaly tölegler edilende çekleriňizi birnäçe görnüşde alyp bolýar: bankomat we terminalyň üsti bilen töleg edilende çegi çap edip bolýar, internet arkaly söwda edilende bolsa “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen görüp bolýar, şeýle hem iki usul üçin hem SMS-habar hyzmaty arkaly islendik hereketi görüp bolýar; 

 

Üns beriň! Köpimiz bankomatdan peýdalananymyzda çek gerek bolmasa-da ony çap etdirýäris. Eger çek gerek bolmasa, ony çap etmäň, sebäbi çek kagyzynyň gutarmagy netijesinde bankomatyň işjeň däl ýagdaýyna geçmegine elter!

 “Altyn asyr” bank kartlaryny howpsuz ulanmak boýunça esasy maslahatlarymyz şulardan ybarat. 

Bulardan başga maslahatlaryňyz barmy ýa-da bu maslahatlaryň haýsysy barada has giňişleýin düşündirmegimiz üçin wideo düşüreli? Jogaplaryňyzy info@turkmenportal.com poçtamyza ýollaň ýa-da wideonyň aşagyna teswir ýazyň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar