Soňky habarlar

Arhiw

Myrat Gurbangylyjow bilen söhebtdeşlik

0
3555

Uzak ýoluň gysga söhbedi (Kinooperator, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri).

Hakykatdan-da, geçilen ýol diýseň uzak. Häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy bolup zähmet çekip ýören, 85 ýaşy arka atan Myrat aganyň surata düşüren filmleriniň lentalary ýaly, ol ýol bilen baglanyşykly gyzyklydan-gyzykly gürrüňleri näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Ýöne kiçigöwünli halypadan 62 ýyl mundan öň başlanan ýol, içi dürli görnüşlerden doldurylan lentalaryň döreýşi barada sorasaň welin, gysgajyk gürrüň bilen sözüni jemleýär. Megerem, bu onuň kärine mahsus häsiýet bolsa gerek. Sebäbi operatoryň wezipesi görýän zadyny dil bilen däl-de, öz döredijilikli garaýyşlary arkaly tomaşaça ýetirmek. Halypanyň gürrüňlerini diňläp oturyşyma-da indi onlarça ýyllaryň içinde tomaşaçylaryň birnäçe nesliniň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde surata düşürilen çeperdir dokumental filmleri hut Myrat aganyň gözi bilen görüp gelýändigi barada pikir edýärin. Iň esasy bellemeli zat bolsa, türkmen tomaşaçylarynyň birnäçe nesliniň söýgüsini eýelän «Aýgytly ädimiň» hem täsirli pursatlarynyň köpüsini biz hut Myrat aganyň «gözi bilen görýäris». Sebäbi şol filmde ikinji operator bolmak bilen, ussat halypasy Anatoliý Karpuhiniň tabşyryklarydyr görkezmeleri astynda ol «Aýgytly ädimiň» köp kadrlaryny surata düşüripdi. «Elde göterip surata düşürenimde, kamerany sandyratmazlyk ukybyma göz ýetiren halypalar Alty Garlyýewdir Anatoliý Karpuhin köp çylşyrymly epizodlary maňa ynanyp ugradylar. Ine, şunuň özi-de meniň üçin ullakan bir mekdep bolupdy» diýip, Myrat aga ol günleri süýjülik bilen ýatlaýar.

— «Aýgytly ädim» filminde ikinji operator bolup, Anatoliý Karpuhinden köp zady öwrendim. Kinofilmiň surata düşürilişinde ulanylýan dürli usullary ondan içgin öwrenip, täzeden institut tamamlan ýaly boldum. Dogry, goşun gullugyna gitmänkämem, kinostudiýada işläpdim. Gulluk döwrümde-de fotoapparatda surata aldym. Soň Moskwada Bütinsoýuz döwlet kinematografiýa institutyny 1962-nji ýylda tamamlap gelip, Karpuhin ýaly ussat bilen şeýle ajaýyp filmde işleşmegiň miýesser edendigini ykbalymyň iň uly sowgatlarynyň biri hasaplaýaryn.

— Myrat aga, gürrüňimizi «Aýgytly ädimden-ä» başladyk. Indi şol film bilen baglanyşykly gürrüňi içginledäýeli?

— «Aýgytly ädim» filminde surata düşen Baba Annan, Artyk Jally, Hommat Müllük, Durdy Sapar, Sary Garry, Muhammet Çerkez, Abdylla Ýakup ýaly ussatlaryň öz kärine diýseň ökdeligi olar bilen artykmaç taýynlyk geçmek zerurlygyny aradan aýyrýardy. Baba Annan, Artyk Jally, Hommat Müllük dagy, hatda at çapmak, suwa bökmek, belentlige çykmak ýaly çylşyrymly kadrlarda-da kaskadýor ulanmazdan, özleri surata düşerdiler. Filmde at, düýe, eşek ýaly jandarlar gaty kän ulanyldy. Wakalaram aglaba gum içinde, suwda, daglyk ýerlerde surata düşürildi. Şonuň üçin kompozisiýany, surata alnyş nokadyny, rakursy, dinamikany gurnamak meselesinde kynçylyk az ýüze çykmaýardy. Iň kyn mesele-de, enjamlary kino surata düşürilýän ýere eltmek, olary ýelden, suwdan gorap saklamakdyr. Onsoň enjamlara zeper ýetirmezden netije gazanmak ussatlaryň tapjak çözgüdine bagly. Dogry, aňsadyna baksaň, ýaňky aýdylanlardan sowlup geçibem bolýar. Ýöne Alty Garlydyr Anatoliý Karpuhinmi ony etjek?! Şol töwekgelçilikler-dä «Aýgytly ädimi» şu çaka çenli «juwanlygyna» ýaşadyp gelýän. Ine, şeýle pursatlarda olaryň döredijilik maslahatyny diňläp oturmagam biz üçin ullakan mekdepdi. Aňyrdan Alty Garly geler. Ol şu gün haýsy görnüşiň surata düşüriljekdigini aýdyp, munuň üçin nähili usullary ulanyp boljakdygy barada sorar. Şondan soň Karpuhin epizody nähili kompozisiýada, haýsy nokatdan, haýsy hereketlerde, haýsy enjamlarda almalydygyny kadrma-kadr çyzgysyny, suratyny çekip düşündirer. Karpuhiniň aýdanlaryndan soň, adatça, Alty aga bir pursat sesini çykarman, pikire çümüp oturar-da, soňam: «Boldy, Anatoliý, hany, onda başlaly» diýer. Käte bolsa bellibir meselede Alty aganyň pikiri operatoryňky bilen çapraz geler. Çekeleşigem bolar. Ýöne şol çekeleşikleriň netijesi ajaýyp kadrlaryň surata düşürilmegi bilen tamamlanar. Türkmeniň «Çekişmän — bekişmez» diýeni-dä. Ine, ýene bir pursady mysal getireýin.

Artygyň Aýnany alyp gaçyşy bilen baglanyşykly pursatlar tomaşaçynyň ýadyndadyr. Aýnany tapansoňlar, ony ot-çöpleriň üstünden, gamyşlykdan, suwuň içinden süýräp gelişleri ýaly epizodlaryň tomaşaça täsirli ýetirilmegi Alty aga üçin gaty wajypdy. Karpuhinem haçan görseň şolar ýaly çylşyrymly pursatlary surata düşürmegiň çykalgasy barada kelle döwer ýörerdi. Garaz, Aýnany suwuň içinden süýremek üçin agaçdan gaýyk ýasap, şonuň üstünde ýatyrdylar. Gaýygy çekilýän ýüpi Aýnanyň saçynyň içinden geçirip, onuň saçyndan tutup süýrelýän ýaly etdiler. Şeýle edilmegi artistiň saçyna agram düşmezligine getirmelidi. «Aýnanyň daşyndan aýlanyp alsaň, gyzyň horluk çekýän ýüzüni doly, täsirli edip görkezmek başartmaz» diýip, Karpuhin Alty aga düşündirdi. Ol asma ýol ýasap, ýüpden apparaty asyp, apparaty Aýna bilen bile çekip almagy maslahat berdi. Ýöne asma ýoly ýasamak başartmady. Şondan soň ol ikinji teklibi orta atdy: «Onda Aýnanyň gapdalyndan süýrär ýaly gaýyk tapyň. Biz şonuň üstünde oturyp surata alarys». Garaz, çekeleşik uzaga çekdi. Bir sagatda surata düşürilmeli bölegi bir güne çekdirdik. Ahyryn düşünişdiler. Operatoryň soňky teklibinde saklandylar. Soň alnan plýonkany ekranda görenimizde, Alty aga Karpuhine ýüzlenip: «Seň beren maslahatyň dogry ekeni» diýip hoşallyk bildirdi.

— Myrat aga, «Aýgytly ädimden» soň dokumental filmçi bolup gitmegiňiziň sebäbi nämede?

— Muňa nesibe diýseňem bolar, «islegiň miwesi» diýip atlandyrmagam ýalňyş däl. Sebäbi göz öňüne getirip görüň, «Aýgytly ädimde» tas iki ýyl töweregi işledik. Munuň özi, hem gyzykly, şonuň bilen bir wagtda-da, surnukdyryjy iş. Şol bir filme şonça wagtyň giderilmegi ýaşlygyň ummanynda gaýnap ýören men ýaly operator üçin biraz içgysgynjrak göründimi ýa başdangeçirmelere bolan höwesim üstün çykdymy, garaz, şondan soň dokumental filmleriň içine siňip gidenimi kem görmedim. Şeýlelikde, soňsuz başdangeçirmelere ulaşan uzak ýol başlandy. Kinostudiýada operator-režissýor bolup işlän döwrümde Diýarymyzyň çar künjegine, daşary ýurtlara syýahat edip, «Şwesiýada Türkmenistanyň günleri», «Fransiýada Türkmenistanyň günleri», «Ýemende Türkmenistanyň günleri», «Suw hakda aýdym», «Aşgabat», «Düýeboýun kanaly», «Türkmenistanyň tebigaty», «Günüň şöhlesi», «Serhetçiler», «Türkmen gawunlary»... ýaly ýüzlerçe dokumental filmi döretdim. Oba hojalygy, maldarçylyk, nebit-gaz ulgamy, dürli zawod-fabrikler, lukmançylyk, bilim, medeniýet, sungat, gurluşyk, sport, garaz, kinokamera arkaly tomaşaçy bilen edilen gürrüňleriň çygry gaty giň.

— Myrat aga, siz daşary ýurtlarda-da birnäçe dokumental filmi surata düşürdiňiz. Häzirki wagtyň kämil kameralary bilen daşary ýurtlara çykmak bir zat, şol döwrüň enjamalaryna bil baglap, ýurt aşmak — başga zat. Şular bilen baglanyşyklylykda ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlary ýatlaýsaňyz.

— Daşary ýurda kino almaga gideniňde, ilki bilen, plýonkany, kino alýan apparatyňy, esasanam, akkumulýatoryňy gowy barlagdan geçirmeli. Men Moskwada, Şwesiýada, Ýemende, Fransiýada geçirilen Türkmenistanyň günlerine bagyşlap dokumental filmleri surata düşürdim. Režissýor-operator bolup, Fransiýada kino alyp ýörkäm, birdenkä kameram haýal hereket edip başlady. Kino alýan apparat saz işlände 24 suraty bir sekuntda almaly, meniňki bolsa 20 suraty bir sekuntda alyp başlady. Näme etmeli? Ýanymda apparata seredýän tehniki işgärem, hatda akkumulýatora güýç berýän enjamymam ýok. Pikirlenip, surat almagyň kompozisiýasyny, gurluşyny çalşyp başladym. Az, haýal hereket edýän zatlary, jaýlary, derýany, tokaýy, daşda duran adamy, ýuwaş ýöräp gelýän ulaglary alyp başladym. Aşgabada gelip, surata düşürilen zatlary gözden geçirenimizde, biziň eden işimiz iň gowularyň biri bolup çykdy. Sekuntda alnan 20 we 24 suratlaryň aratapawudyny bilmediler. Diýmek, kinooperator her bir kynçylykdan baş alyp çykmagy başarmaly. Elbetde, bu zatlaryň ählisi ýyllaryň dowamynda toplanan tejribäniň, geçilen mekdeplik ýoluň netijesi.

— Myrat aga, bir jümlede kesgitleme bermeli bolsa, operator kim?

— Operator — režissýoryň tomaşaça ýetirjek bolýan pikirini, şekilini ekrana geçirip, manysyny berip bilýän adam.

— Ökde operator?

— Režissýoryň beýan etjek bolýanynyň üstüne öz pikirini hem goşup, filmiň täsirliligini, tomaşaça ýetiriljek görnüşleriň owadanlygyny, düşnükliligini güýçlendirip bilmegi operatoryň ussatlygyndan habar berýän aýratynlyk. Operatoryň ussatlygy, ugurtapyjylygy bilen baglanyşykly käbir mysallary getireýin. Çeper filmiň meýdanda, açyk asmanyň astynda, tebigatda surata düşürilýän ýerleriniň bolşy ýaly, käbir pursatlaryny içerde — pawilonlarda almaly bolýar. «Aýgytly ädimi» surata düşürýän döwürlerimiz kinostudiýamyzda pawilon ýokdy. Şonuň üçin başga, pawilonly ýerlere gidip, surata düşürip gelýärdiler. «Aýgytly ädimde» şeýle bir ýagdaý ýüze çykdy. Waka içerde bolup geçýär. Ýöne pawilonly mesele ýaňky aýdyşym ýaly. Onsoň Karpuhiniň teklibi bilen içerde bolup geçýän wakany daşarda surata düşürdik. Şonda operatoryň ussatlygy netijesinde waka edil içerde bolup geçýän ýaly görnüşde surata düşürildi. Ine, şunuň özi-de operatoryň öz käriniň ussatlygyny görkezýär. Kinooperatoryň işiniň iň esasy aýratynlygy — onuň edýän işine başga jogapkärçilik çekjek adam ýok. Seniň säwligiňe ýa-da üstünligiňe, hatda režissýoram dahylly bolup bilmeýär. Gowy alsaňam, ýaramaz surata düşürseňem: «Pylan operatoryň işi-dä» diýerler. Bolany. Şolar ýaly jümlelerdenem kem-kemden seniň operator hökmündäki agramyň kesgitlener. Şonuň üçinem operator taýýarlanyş döwründe surata düşürmäge degişli enjamlary ýeke-ýeke gözden geçirmeli. Bu kärde döredijilik ussatlygyndan başga-da, tehnikadan gaty gowy baş çykarmaly, surata düşürilýän nokady şowly tapmakda görşüň, duýşuň dury bolmaly, sagdyn pikirlenip bilmeli.

— Siz bilen guralan söhbetdeşlik özüm üçin-ä, dogrusy, operatorçylyk mekdebiniň bir sapagy ýaly boldy. Gürrüňdeşligiň dowamynda bilesim gelýändenem köp zatlary öwrenip gidip otyryn. Özüm kino sungaty bilen gaýybana gyzyklanamsoň, şeýle bir sowaly beresim gelýär: «Operator režissýor bilen düşünişip bilse ýeterlik» diýýänlerem bar. Şol dogrumy?

— Gaty bir dogry däl. Režissýor bilen operatoryň düşünişip, işleşip bilmegi — iň uly şowlulyk. Ýöne operatoryň düşünişmeli adamlary başga-da kän. Onuň grimçi bilen, suratkeş bilen ylalaşyp, işleşip bilmeginede gaty kän zat bagly. Mysal üçin, operator aktýoryň ýüzüne goýlan grimi yşyk bilen zaýalan bolsa, diýmek, yşyk dogry goýulmandyr. Başga bir tarapdan, operatoryň surata düşürişi bilen suratkeş razylaşman biler, sebäbi operator bezegiň, ýagny dekorasiýanyň reňkine dogry ýagtylyk berip bilmändir hem-de eskizde görkezilişi ýaly, gerekli täsiri döretmändir. Şol zatlardan sag-aman geçdim diýersiňem welin, aktýorlaryň biri geler närazylyk bildirip. Nämemişin, onuň ýüzüne doly ýagtylyk berilmändir. Galyberse-de, kompozisiýany dogry goýman, kadry kölegeli düşürenligiň üçin, režissýoram senden nägile bolup biler. Şu zatlaram az däl-ä, şeýle gerek? Ýöne munuň bilenem tamamlanaýanok. Adyň operator bolsa, ulanylýan ähli enjamlara, kinoapparatura, surata düşürilýän ýerlere, epizodlara, kadra, yşyklandyryjy enjamlara jogapkärçilik çekmegem seniň boýnuňadyr.

— Ykbalyny operatoryň inçe sungatyna baglan ýaşlara maslahatyňyz?

— Bir ýola režissýor-operator bolup, «Türkmenistanyň tebigaty» atly dokumental filmi surata düşürip ýördüm. Kömekçi bolup ýanymda Muhammet Garakişi işleýärdi. Biz Köýten daglarynda surata düşürip ýördük. Beýik-beýik daglar, baýyrlyklar, dagyň depesinden aşak inýän şaglawuk, owadan gowaklar, gögerip oturan arçalar gözelligi bilen maýyl edýärdi. Kömekçim şu gözelligi dagyň barmasy kyn ýerlerine çykyp, fotoapparatda surata düşürýärdi. Ajaýyp görnüşleriň jadysyna düşen kömekçim beýik-peslidigine, howsalalydygyna garamazdan, dürli suratlary almagy başardy. Diýjek bolýanym, men şonda onuň, soňlugy bilen, güýçli operator bolup ýetişjegine göz ýetirdim. Sebäbi ol fotoapparaty elinden aýranokdy. Şu ýerde seniň soragyňa jogap hökmünde, ilki bilen, halypalardan öwrenen zadymy — operator bolmak üçin fotoapparatda surata almagy gowy öwrenmelidigini, ilki kämilleşigi şonda geçmelidigini aýdasym geldi. Ýöne ähli zady bir ýere çugdamlaýan zat — käriňe bolan çäksiz söýgiň, höwesiň bolmaly. Şular ýaly talaplara eýerip, kinostudiýada işlän döwrümde şägirtlerimden sekiz operator ýetişdirdim. Soň-soň olar, kino operatory hökmünde, köp filmleri surata düşürdiler. Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallym bolup işläp ýören ýyllarymda-da birnäçe kinowideooperator ýetişdirdim. Talyplarymdan institutyň operatorçylyk bölüminde mugallymçylyk edip ýörenleri-de bar. Hormatly Prezidentimiz ähli ugurlardan kämil hünärmenleriň ýetişdirilmelidigini hemişe nygtap belleýär. Ine, öňümizde goýlan şol wezipelerden ugur alyp, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Operatoryň ussatlygy», «Kinoteletehnika», «Yşyklandyryş ussatlygy», «Şekillendiriş ussatlygy» ýaly kitaplary ýazdym. Bu kitaplar boýunça häzirki wagtda talyplara sapak berilýär.

Söhbetdeşlik «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2020-nji ýylyň 17-nji ýanwaryndaky sanyndan alyndy. Söhbetde bolan Myrat HUDAÝGULYÝEW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar